Mör-möjek beýleki haýwanlara diňe eklenmäge däl, ýaralaryny bejermäge, öý edinmäge-de gerek

Şu gün, 17:452,741

Mör-möjekleriň oňurgaly haýwanlaryň ýaşaýşyndaky ähmiýeti ozal pikir edilişinden has uly bolup çykdy. Olar diňe bir iýmit çeşmesi bolman, eýsem, haýwanlaryň käbir görnüşlerine ýaralary bejermäge, buky ýerleri gurmaga we tebigatdaky çylşyrymly baglanyşyklary saklamaga hem kömek edýär.

Şeýle netijä gelmäge alymlaryň mör-möjekler bilen haýwanlaryň arasyndaky dürli gatnaşyklara bagyşlanan giň gerimli ylmy barlagy esas berdi. Bu hakda Nature Reviews Biodiversity žurnalynda çap edildi.

Iň täsin mysallaryň biri şimpanzeleriň özüni alyp barşy bilen baglydyr. Gözlegçiler olaryň uçýan mör-möjekleri tutup, çeýnäp, soňra emele gelen garyndyny özleriniň we beýleki şimpanzeleriň açyk ýaralaryna çalýandyklaryna göz ýetirdiler. Gürrüňi edilýän ýagdaýda urkaçy şimpanze erkek şimpanzeniň aýagyndaky çuň ýarany bejermäge kömek edipdir.

Şeýle-de alymlar mör-möjekleriň gaýnaglama garşy ýa-da zyýansyzlandyryjy häsiýetlere hem eýe bolup biljekdigini çaklaýarlar. Şol bir wagtyň özünde, olaryň bu hereketi öwrenmek we toparyň içinde kemala gelýän endikler bilen hem bagly bolmagy mümkin.

Mör-möjekler bilen haýwanlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň başga-da birnäçe gyzykly mysallary bar:

  • Ýaşyl gotanlar balyk tutmak üçin mör-möjekleri we beýleki ownuk zatlary çeňňek hökmünde ulanýarlar. Olar bu zatlary suwuň ýüzüne taşlap, balyklary imrindirýärler.
  • Üç barmakly ýaltajalaryň hem tüýlerinde ýaşaýan güýeler bilen çylşyrymly tebigy arabaglanyşygy bar. Güýeler ýaltajalaryň iýmitlenýän suwotularynyň ösmegi üçin zerur bolan ýokumly maddalaryň köpelmegine ýardam edýär.
  • Guşlaryň birnäçe görnüşi ýeleklerini arassalamak üçin garynjalardan peýdalanýarlar. «Garynja bilen arassalanmak» diýlip atlandyrylýan bu hereketde mör-möjekleriň bölüp çykarýan maddalary parazitlerden dynmaga kömek edýär.
  • Guşlaryň käbiri höwürtgelerini guranda mör-möjekleriň kerebini we ýüpeklerini ulanýarlar.

Mör-möjekler haýwanlaryň bukulyp ýaşamagy üçin amatly ýerleri tapmagyna hem kömek edýär. Mysal üçin, termit depeleriniň içindäki ýylylygyň birsydyrgyn bolmagy, käbir guşlara we süýrenijilere şol ýerde köpelmäge mümkinçilik berýär. Çöl haýwanlarynyň arasynda gurakçylyk döwründe çygly ýer hökmünde garynjalaryň hinlerinden peýdalanýanlary-da bar.

«Mör-möjeklere käwagt “dünýäni dolandyrýan kiçijik jandarlar” diýilýär. Munuň sebäbi olaryň Ýerdäki ýaşaýyş üçin örän möhüm bolmagydyr» diýip, Binghamton uniwersitetiniň biologiýa ylymlary bölüminiň dosenti, ylmy synyň awtordaşlarynyň biri Eliza Greýms belleýär.

Şu nukdaýnazardan, alymlar mör-möjekleriň sanynyň azalmagynyň haýwanlaryň köp görnüşine ýaramaz täsir edip biljekdigini-de nygtaýarlar. Gözlegçileriň pikirine görä, mör-möjekleri gorap saklamak diňe bir aýratyn tebigy ulgamlaryň durnuklylygy üçin däl, eýsem, dürli janly-jandarlaryň arasyndaky tebigy baglanyşyklary goramak üçin hem möhümdir.

«Oňurgaly haýwanlary gorap saklamak isleýän bolsaňyz, mör-möjekleri goramak hakda hem alada etmelisiňiz. Emma, gynansak-da, biz bu meselä çynlakaý göz bilen garamaýarys» diýip, Konnektikut uniwersitetiniň ekologiýa we ewolýusion biologiýa professory Kris Elfik aýdýar.