NASA Kaliforniýanyň çägelerinde Mars üçin niýetlän planetohody synagdan geçirdi

Düýn, 15:211,139
1 / 2

"Perseverance" we "Curiosity" marsohodlary Gyzyl planetada eýýäm işläp ýören bolsalar, NASA-nyň Reaktiw hereket barlaghanasynyň (JPL) inženerleri olaryň geljekki yzyny eýeriji aparatyny — "ERNEST" atly tejribe rowerini synagdan geçirýärler.

Ýaňy-ýakynda ony Kaliforniýanyň günortasyndaky Kolorado çöllüginde synag etdiler, bu ýeriň şertleri planetara landşaftyna has ýakyndyr. Bu enjam diňe bir geljekki Mars missiýalary üçin däl, eýsem Aýy barlamak üçin hem işlenip düzülýär.

"ERNEST" ady "Exploration Rover for Navigating Extreme Sloped Terrain" (Ekstremal derejede geçit bermeýän ýerlerde hereket etmek üçin gözleg roweri) diýen manyny berýär. Synaglaryň dowamynda ösen awtonom nawigasiýa ulgamy bilen enjamlaşdyrylan prototip, operatorlaryň gatnaşygy bolmazdan, 37 sagadyň dowamynda çylşyrymly relýefde 26 kilometr ýoly özbaşdak geçdi. NASA-da nygtalyşyna görä, täze enjam häzirki marsohodlardan has çalt hereket etmäge ukyplydyr.

"ERNEST-iň" uzynlygy takmynan 1,2 metr. NASA-nyň häzirki alty tigirli enjamlaryndan esasy tapawudy, onuň bary-ýogy dört tigriniň bardygydyr, bu bolsa möhüm artykmaçlyga öwrüldi. Her bir tigir garaşsyz ýokary galdyrylyp we ornuny üýtgedip bilýär. Şeýle üýtgeşik asma ulgamy rowere "Curiosity" ýa-da "Perseverance" üçin aşmasy kyn päsgelçilik bolup biljek uly daşlary we dik eňňitleri aşmaga mümkinçilik berip, geçijiligini ep-esli ýokarlandyrýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.