NASA «Moon and Mars Exploration Analog» (CHAPEA) maksatnamasynyň täze tapgyryna gatnaşmak üçin arzalary kabul edip başlady. Bu taslamanyň çäginde meýletinçiler geljekki Aý we Mars ekspedisiýalaryna laýyklaşdyrylan kosmos şertlerinde ýaşar.
Tejribe Hýustonyň Jonson adyndaky Kosmos merkezinde geçiriler. Gatnaşyjylar uzak möhletli kosmos missiýasynyň şertlerini gaýtalaýan ýörite ýaşaýyş modulynda bir ýyl töweregi wagt geçirmeli bolar. Täze tejribe 2027-nji ýylyň awgustyndan ir başlamaz.
Bu tejribäniň esasy maksady dowamly izolýasiýanyň, çäklendirilen resurslaryň we ýapyk giňişligiň ekipažyň fiziki hem-de psihologik ýagdaýyna ýetirýän täsirini öwrenmekden ybaratdyr.
Gazanylan netijeler NASA-nyň geljekki dolandyrylýan Aý we Mars ekspedisiýalaryna has gowy taýýarlanmagyna, ýaşaýyş üpjünçilik tehnologiýalaryny kämilleşdirmäge kömek eder.
Arzany diňe ABŞ-nyň raýatlary ýa-da «grin-kartyň» (Green Card) eýeleri tabşyryp bilýär. Dalaşgärlere lukmançylyk barlagyny, fiziki synaglary we psihologik bahalandyrmany öz içine alýan köp tapgyrly saýlama prosesi garaşýar.
NASA diňe bir ýokary hünärli hünärmenleri däl, eýsem toparda netijeli işläp bilýän we doly izolýasiýa şertlerine çydamly adamlary gözleýär.
Bu taslama geljekki planetara uçuşlara taýýarlyk görmegiň giň göwrümli maksatnamasynyň bir bölegidir. Munuň bilen bir wagtda, NASA «Artemis» atly Aý maksatnamasyny durmuşa geçirmegi dowam etdirýär. 2027-nji ýylda agentlik SpaceX we Blue Origin kompaniýalary tarapyndan işlenip taýýarlanylýan dolandyrylýan Aýa gonuş modullaryny synagdan geçirmegi meýilleşdirýär, bu bolsa Marsa guraljak ilkinji dolandyrylýan ekspedisiýa tarap möhüm ädim bolar.