Ýaponiýanyň aerokosmos gözlegleri agentligi (JAXA) Marsyň iki hemrasynyň biri bolan Fobosdan toprak nusgalaryny getirmek üçin niýetlenen Martian Moons eXploration (MMX) maksatnamasyny durmuşa geçirmäge taýýarlanýar.
Uçuşy ýakyndaky aýlarda Tanegasima kosmodromyndan amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Nusgalar alnan kapsulanyň Ýere takmynan 2031-nji ýylda gaýdyp gelmegine garaşylýar.
Enjam Marsyň orbitasynda üç ýyl töweregi bolup, Fobosa gonmaga synanyşar. Onuň üstünden azyndan 10 gram jisimi toplamak meýilleşdirilýär. Ýere gaýdanyndan soň kapsula Awstraliýada gonmaly.
Missiýanyň düzümine gonandan soň Fobosyň üstüni öwrenmäge niýetlenen IDEFIX fransuz roweri hem goşular. MMX-iň özi üstesine Deýmosy hem öwrener, emma oňa gonmaz.
Fobosda dartyş güýjüniň diýseň gowşaklygy sebäpli, inženerler enjama ýere düşende urgyny gowşatmak hem-de urgudan soň böküp gitmezligi üçin ýörite diregleri işläp düzmeli boldular.
Maksatnamanyň esasy ylmy wezipesi Fobos bilen Deýmosyň gelip çykyşyny anyklamak. Ylmy çaklamalaryň biri bu hemralaryň Marsyň uly obýekt bilen çaknyşmagy netijesinde emele gelen maddadan dörändigini öňe sürýär. Başga bir çaklama görä, olar Gün ulgamynyň daşky böleginden Marsyň dartyş güýji bilen çekilen asteroidler bolmaly.
IDEFIX-iň üstünde işleýän fransuz astrofizigi Patrik Mişeliň aýtmagyna görä, MMX suwy, uçýan maddalary we organiki birleşmeleri Gün ulgamynyň daşky böleginden içkä geçirmek mehanizmlerini öwrenmäge mümkinçilik berer.
Ýaponiýanyň Ýerden daşardaky nusgalary getirmek boýunça tejribesi ýok däl. 2020-nji ýylda Hayabusa-2 enjamy Ýere asteroidden 5,4 gram madda getiripdi.
MMX missiýasyna Fransiýanyň milli kosmos barlaglary merkezi (CNES), Germaniýa aerokosmos merkezi (DLR), NASA, Ýewropa kosmos agentligi (ESA), uniwersitetler we tehnologik kompaniýalar hem gatnaşýarlar.
Şol bir wagtda, Ýaponiýany şuňa çalymdaş maksatnamada Hytaýyň öňürdäýmegi hem ahmal. Ol 2028-nji ýylda Týanwen-3 maksatnamasyny uçurmagy, ýöne Fobosdan däl-de, Marsyň özünden toprak hem daş nusgalaryny 2031-nji ýylda getirmegi meýilleşdirýär.
Onýança NASA-nyň Perseverance roweri eýýäm Marsda gezip ýör. Ol 2021-nji ýyldan bäri planetanyň ýüzünden gymmatly nusgalary ýygnaýar. Olar henizem Ýere getiriljek gününe garaşyp dur. ABŞ-nyň bu nusgalary yza getirmek meýilnamasy uly bökdençlige uçrady. Donald Trampyň administrasiýasynyň çykaran kararly we Kongresiň ýanwar aýyndaky ses berişligi netijesinde oňa niýetlenen çykdajylara üýtgeşmeler girizildi. NASA bu maksatnamany has arzan gurnamak üçin býujedi gaýtadan gözden geçirmeli boldy.