Alymlar Türkiýäniň Agrydag (Ararat) dagynyň eteginde Nuh pygamberiň gämisini gözlemek boýunça işleriň nobatdaky tapgyryny tamamlady. Halkara taslamanyň ýolbaşçysy, Siwas uniwersitetiniň professory Jenker Atila toparyň adamzady haýran galdyrjak tapyndylaryň üstünden barandygyny aýtdy. Bu barada NTV teleýaýlymy habar berýär.
Arheologlar Agrydagdan 28 kilometr uzaklykda ýerleşýän Durupinar sebitinde işlediler. Bu daglarda uzynlygy 164 metre ýetýän, daşky görnüşi we ölçegleri boýunça äpet gämä meňzeýän ýer bar. Gazuw-agtaryş işleriniň barşynda gözlegçiler Ýer ýüzüni tupan basmagyndan hem öňki döwre degişli bolmagy mümkin diýlip çaklanylýan toýun gaplary tapdylar. Alnan nusgalar himiki barlag üçin Ankara iberildi.
«Häzirki wagta çenli 100 göterim anyk netijäni alyp bilmedik bolsak-da, adamzady geň galdyryp biljek maglumatlarymyz bar. Ýakyn wagtda olar ylmy makalalarda we kitaplarda çap ediler» diýip, professor Atila söz berdi.
Gözlegler tomus aýlarynda bäş ýurtdan 20-ä golaý hünärmeniň gatnaşmagynda başlandy. Toparyň ýerasty gurluşlary öwrenmek üçin harby radarlardan peýdalanyp, sebitiň üç ölçegli modelini taýýarlandygy habar berilýär.

Geçirilen skanirleme işleriniň netijesinde gämä çalymdaş ýeriň astynda boşluklaryň we biri-biri bilen kesişýän gurluşlaryň ulgamy ýüze çykaryldy. Şeýle-de ýer astyndaky uglerodyň mukdarynyň, daş-töwerekdäki toprak bilen deňeşdirilende, 40 göterim ýokarydygy anyklandy. Professor Atila muny ýer astynda gadymy agaçlaryň ýa-da beýleki organiki maddalaryň galyndylarynyň bolmagynyň ähtimallygy bilen baglanyşdyrýar.

1949-njy ýylda ABŞ-nyň Harby-howa güýçleriniň uçary gizlin uçuş wagtynda Durupinardaky bu geologik gurluşy surata düşüripdi. Soňra ol ylmy jemgyýetçilik tarapyndan «anomaliýa» diýlip atlandyryldy.
Injile görä, Nuh pygamber tupandan soň halas bolmak üçin ýüzüp gelýän gämisini hut Agrydagda saklapdyr. Şeýle-de bolsa, häzirki gözlegleriň netijeleri gäminiň, hakykatdan-da, şol ýerde ýerleşýändigini doly subut etmeýär.