Zenan özgeleriň duýgusyna has gowy düşünýär, erkek — özüniňkä: ylmy barlagyň netijesi

Düýn, 16:542,162

Ortaça alanyňda, zenanlar erkeklere garanyňda emosional aňyň has ýokary derejesini görkezýär. Emma bu tapawut haýsy ukybyň ölçenýändigine baglylykda üýtgeýär. «Emotion» žurnalynda çap edilen ylmy metaseljerişiň awtorlary şeýle netijä geldiler.

Barlagçylar dünýäniň 76 ýurdundan 609 278 adamyň maglumatyny we 1 428 sany saýlanan nusgany öz içine alýan 1 279 ylmy işi seljerdiler. Seljermä 2023-nji ýylyň aýagyna çenli geçirilen, çap edilen we çap edilmedik barlaglar girýär.

Aýallaryň we gyzlaryň artykmaçlygy, esasan, beýleki adamlaryň duýgularyny tanamakda we olara düşünmekde has aýdyň ýüze çykdy. Emma öz duýgularyňy dolandyrmak bilen bagly ýumuşlarda erkekleriň hem-de ýaş oglanlaryň görkezen netijeleri has ýokary boldy.

Alymlar emosional aňy diňe bir görkeziji bilen ölçäp bolmaýandygyny belleýär. Ol birnäçe dürli ukyby öz içine alýar. Netijeler ulanylan baha beriş usulyna görä-de tapawutlandy.

Gatnaşyjylaryň anyk ýumuşlary ýerine ýetirip, jogaplarynyň dogrulygyna görä baha alan synaglarynda zenanlar bilen erkekleriň arasyndaky tapawut has aýdyň, ýöne öz-özüňe baha bermäge esaslanýan sowalnamalarda bolsa ol ep-esli az boldy.

Netijelere beýleki ýagdaýlar, ýagny gatnaşyjylaryň ýaşy, barlagyň geçirilen ýyly, sebit, ýolbaşçylyk wezipesi, şeýle-de erkekleriň we zenanlaryň hünär gurşawyndaky gatnaşygy hem täsir etdi. Soňky geçirilen barlaglarda umumy emosional aň boýunça tapawudyň, aýratyn-da, çagalaryň arasynda azalandygy ýüze çykaryldy.

Barlagçylar alnan netijeleriň sosial gurşawdaky we gender terbiýesindäki üýtgeşmeler bilen gabat gelýän bolmagynyň mümkindigini, ýöne bu maglumatlaryň öz-özünden sebäp-netije gatnaşygyny subut etmeýändigini belleýär.

Alymlaryň pikirine görä, «Kim emosional aň babatda has akylly?» diýen sorag meseläni aşa ýöntemleşdirýär. Emosional aň dürli başarnyklaryň toplumydyr we olar adamyň tejribesine hem-de ýagdaýyna baglylykda ösüp biler.

Barlagçylar emosional aňy, esasan, «zenanlara mahsus» häsiýet hökmünde kabul etmegiň hem ýaramaz netijelere getirip biljekdigini duýdurýar. Şeýle garaýyş zenanlara kärdeşlerine emosional goldaw bermek we iş ýerindäki düşünişmezlikleri çözmek ýaly wezipeleriň has köp ýüklenmegine sebäp bolup biler. Şonuň üçin hünärmenler başarnyklary adamyň jynsy bilen baglanyşdyrman, her bir ukyby aýratynlykda bahalandyrmagy maslahat berýär.