Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna döwlet sylaglary gowşuryldy

Şu gün, 00:002,049

27-nji sentýabrda Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly gowşuryldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly harby ýörişden soň, Türkmenistanyň Prezidenti, Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirildi.

Dabaranyň barşynda Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Permanyny okady. Soňra döwlet Baştutany harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly ýubileý medalyny we degişli şahadatnamany gowşurdy.

Döwlet sylaglaryna mynasyp bolanlar Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysyna yzygiderli aladalary we ýokary ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Watanyň parahatçylygyny, asudalygyny we mukaddes çäkleriniň eldegrilmesizligini hem-de hukuk düzgün-tertibiniň berk berjaý edilmegini üpjün etmekde ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.

Dabarada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Hökümet agzalarynyň adyndan, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Begenç Gündogdyýew bolsa harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzüminiň adyndan Prezident Serdar Berdimuhamedowy we türkmen halkynyň Milli Liderini mukaddes Garaşsyzlyk baýramy bilen gutlady.

Türkmenistanyň Prezidenti gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, dabaraly harby ýörişiň ýokary derejede geçirilmegi hem-de gowşurylan döwlet sylaglary bilen hemmeleri tüýs ýürekden gutlady.