San-Fransiskoda (ABŞ) ringde meşhur bloger Frenki Lapenna bilen iki metrlik ynsanpisint robot Model EngineAI T800-iň arasynda söweş geçirildi. «Adamyň robot-Terminatora garşy ilkinji urşy» diýlip atlandyrylan bu üýtgeşik tutluşygyň wideosy sosial torlaryny «ýardy».
Şüweleňiň guramaçysy hökmünde robotlaryň söweşini täze göwün açyjy sport görnüşi hökmünde öňe ösdürýän REK (Robot Entertainment Kombat) kompaniýasy çykyş etdi.

Söweşe gatnaşan T800 robotynyň bahasy, takmynan, 100 000 dollara barabar. Ony döreden hünärmenleriň aýtmagyna görä, maşyn doly awtonom däl: «olaryň her birini adam-operator VR-tuwulgasynyň ýa-da kontrolleriň kömegi bilen uzakdan dolandyrýar, bortdaky emeli aň bolsa robotyň deňagramlylygyny saklamaga ýardam berýär».
T800 modeli Zhongqing Robotics kompaniýasynyň 150 inženerinden ybarat topar tarapyndan döredildi. Bu robot tutuş bedeninde, şol sanda her elinde 7 erkin hereket derejesi bilen birlikde jemi 29 erkin hereket derejesine eýedir. Juda çeýe bolmagy oňa diňe bir söweş hereketlerini däl, eýsem çylşyrymly tans hereketlerini hem ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.