Anthropic: DeepSeek we Moonshot ulanyjylaryň haýyşyny Claude-yň üsti bilen bitiripdirler

11.09.2026, 22:011,274

Hytaýyň DeepSeek we Moonshot emeli aň kompaniýalary ulanyjylarynyň haýyşlaryny öz EA modellerinde işlemäge derek, özlerine degişli bolmadyk Claude EA modeline ýollapdyrlar. Bu barada Claude modelini döreden ABŞ-nyň Anthropic kompaniýasynyň hasabatynda aýdylýar.

Anthropic-iň maglumatlaryna görä, Kimi atly EA modeli bilen ýazyşýandyrys öýden Moonshot-yň ulanyjylary, aslynda jogaby Claude-dan alypdyrlar. Aýdylyşyndan çen tutsaň, Moonshot bary-ýogy 10 günüň dowamynda 300 müňe golaý ulanyjy haýyşyny Claude-a ugradypdyr.

Anthropic-iň tassyklamagyna görä, munuň üçin, esasan, Singapurda we Ýaponiýada hasaba alnan 5380 sany galp akkauntdan ybarat ulgam ulanylypdyr.

Anthropic, şeýle-de Moonshot-yň Claude-a gönükdiren gepleşikleriniň azyndan bir bölegini özünde saklap galandygyny aýdýar. Olaryň pikiriçe, bu gepleşikleri kompaniýa soňra öz EA modellerini kämilleşdirmek we öwretmek üçin ulanypdyr.

Hasabatda DeepSeek-iň hem şuňa meňzeş usullardan peýdalanandygy bellenilýär. Şeýle-de onda Claude-a gönükdirilen haýyşlaryň arasynda hytaý kompaniýalarynyň öz müşderilerine degişli gizlin maglumatlaryň hem bolandygy aýdylýar. Emma ulanyjylara olaryň haýyşlarynyň üçünji tarapa, ýagny Claude-a geçirilýändigi barada öňünden habar berlip-berilmändigi näbelliligine galýar.