Samsung kompaniýasy 2027-nji ýylda ekrany süýşürilip giňeldilýän ilkinji smartfonyny hem goşmak bilen, eplenýän alty sany täze enjamy tanyşdyryp biler. Bu barada TheGalox atly insaýder habar berdi.
Maglumatlara görä, Galaxy Z seriýasyna şu aşakdaky modeller girip biler:
Galaxy Slide;
Galaxy TriFold 2;
Galaxy Fold 9 Ultra;
Galaxy Fold 9 Pro;
Galaxy Fold 9;
Galaxy Flip 9.
Sanawdaky iň köp ünsi çekýän enjam — ekrany süýşürilip giňeldilýän Galaxy Slide smartfonydyr.

Samsung şeýle enjamyň nusgasyny Barselonada geçirilen MWC sergisinde görkezipdi. Soňra kompaniýanyň şu görnüşli gurluşa degişli patent alandygy barada hem maglumat peýda boldy. Ýöne nusganyň görkezilmegi we patentlenmegi smartfonyň 2027-nji ýylda hökmany ýagdaýda satuwa çykaryljagyny aňlatmaýar.
Täze modelleriň ýene biriniň Galaxy Fold 9 Pro bolmagy mümkin diýlip çaklanylýar. Insaýder tarapyndan ýaýradylan habarlar dogry bolsa, alyjylar Samsung-dan gurluşy we mümkinçilikleri boýunça tapawutlanýan eplenýän telefonlaryň has köp görnüşini hödürlemegi meýilleşdirýär.
TheGalox-yň maglumatyna görä, kompaniýa ulanyjylaryň isleglerini göz öňünde tutup, täze enjamlary has ýuka we ýeňil etmegi, şeýle-de batareýalarynyň kuwwatyny artdyrmagy maksat edinýär.
Häzirlikçe bularyň hemmesi deslapky maglumat. Samsung-yň özi heniz täze modelleriň sanawyny hem-de olaryň haçan satuwa çykaryljagyny resmi taýdan tassyklamady.