Samsung kompaniýasy täze flagman planşetleri bolan Galaxy Tab S12 Ultra we Galaxy Tab S12+ modellerini hödürledi. Kompaniýa esasy ünsi uly displeýlere, ýokary öndürijilige we emeli aň funksiýalaryna gönükdirdi.
Uly model täzelenme ýygylygy 120 Gs we iň ýokary ýagtylygy 1600 kd/m² çenli bolan 14,6 dýuýmlyk Dynamic AMOLED 2X ekrany bilen üpjün edilip, ol seriýanyň taryhynda iň inçe planşet boldy. Galaxy Tab S12 Ultra modeliniň korpusynyň ýogynlygy bary-ýogy 5,1 mm.

Galaxy Tab S12+ hem edil şol häsiýetnamalara eýe bolan 12,6 dýuýmlyk ekran bilen üpjün edildi. Enjamlaryň ikisem Galaxy S Pen stilusyny goldaýar we IP68 standarty boýunça suwdan hem-de tozandan goralandyr.

Galaxy Tab S12 Ultra we Galaxy Tab S12+ barada esasy maglumatlar:
- Prosessor: MediaTek Dimensity 9500, öňki nesil bilen deňeşdirilende öndürijilik ep-esli ýokarlandy.
- Galaxy Tab S12 Ultra-nyň ekrany: 14,6 dýuým, Dynamic AMOLED 2X, durulygy 2960×1848 piksel, ýygylygy 120 Gs.
- Galaxy Tab S12+-yň ekrany: 12,6 dýuým, Dynamic AMOLED 2X, durulygy 2800×1752 piksel, ýygylygy 120 Gs.
- Ýat: Galaxy Tab S12 Ultra modeli 12 GB operatiw we 256/512 GB içki ýat, şeýle hem 16 GB operatiw we 1 TB içki ýat bilen elýeterli. Galaxy Tab S12+ modeli bolsa 12 GB operatiw we 512 GB çenli içki ýat bilen üpjün edildi.
- Akkumulýator: Ultra modelinde 11 600 mA/s we S12+ modelinde 10 600 mA/s, ikisi hem 45 Wt kuwwatly çalt zarýad alşy goldaýar.
- Awtonomlygy: Galaxy Tab S12 Ultra modeli 23 sagada çenli, Galaxy Tab S12+ modeli bolsa 21 sagada çenli wideo görmäge mümkinçilik berýär.
- Operasion ulgamy: One UI 9 örtügi bilen Android 17.
Samsung kompaniýasy Galaxy AI mümkinçiliklerine hem aýratyn üns berdi. Planşetler bir wagtda birnäçe goşundyny ulanmaga mümkinçilik berýän kämilleşdirilen Multi Window režimini, Google Gemini emeli aň funksiýalarynyň goldawyny we Samsung brauzerinde sahypalaryň awtomatik gysgaça mazmunyny düzmek mümkinçiligini aldy. Öndüriji ulgamyň 7 sany uly täzelenmesini we howpsuzlyk täzelenmelerini wada berýär.

Planşeti doly iş enjamyna öwürmek üçin Samsung taçpadly we aýratyn Galaxy AI düwmeli Pro Keyboard aksessuaryny, şeýle hem ykjam Book Cover Keyboard Slim daşlyk-klawiaturasyny hödürledi.
Täze planşetler bilen bir hatarda, Samsung tanyşdyrylyşda özüniň ilkinji klipsa görnüşli Galaxy Buds On gulaklyklaryny görkezdi.
Mundan başga-da, Galaxy SmartTag3 trekeri hödürlendi. Ol, öňki nesil bilen deňeşdirilende, kiçi we ýeňil bolup, iOS enjamlaryny goldaýar hem-de adaty düzgünde 550 güne çenli işleýär.

Enjam Bluetooth 6.0 Channel Sounding tehnologiýasy arkaly gözleg ugruny has takyk kesgitlemegi öwrendi we ýitirilen zatlary tapmak üçin Galaxy Find Network toruny ulanyp bilýär.
Galaxy Tab S12 Ultra we Galaxy Tab S12+ modelleriniň satuwy 7-nji oktýabrda Günorta Koreýada başlanar. Planşetler çal we kümüşsöw reňklerde elýeterli bolar. Bahalar gijräk mälim ediler. Enjamlaryň beýleki bazarlara çykaryljak möhleti belli däl.