Samsung Galaxy S27 we S27 Plus smartfonlary kompaniýanyň öz Exynos 2700 prosessoryny alar. Has ýokary derejeli Galaxy S27 Pro we S27 Ultra modellerinde bolsa Qualcomm kompaniýasynyň dürli çipleri ulanylar. Bu barada NBD-niň import we eksport amallary baradaky maglumatlar bazasynda ýerleşdirilen, dört modeliň hem Ýewropa bazary üçin niýetlenen görnüşlerine degişli habarlarda aýdylýar.
Çap edilen maglumatlara görä, Galaxy S27 Pro Snapdragon 8 Elite Gen 6, Galaxy S27 Ultra bolsa Snapdragon 8 Elite Extreme Gen 6 bilen üpjün ediler. Şeýlelikde, Samsung bir smartfon tapgyrynda üç dürli apparat platformasyny ulanmagy meýilleşdirýär.
Şuňa meňzeş çemeleşmäni Xiaomi hem ulanýar. Kompaniýanyň Xiaomi 18 Pro modeli Snapdragon 8 Elite Gen 6, Xiaomi 18 Pro Max modeli bolsa Snapdragon 8 Elite Extreme Gen 6 prosessory bilen işleýär.
Maglumatlar binýadynda dört modeliň hemmesiniň 12 GB operatiw ýat we 256 GB içerki ýat bilen üpjün ediljekdigi görkezilýär. Ekranynyň ölçegi Galaxy S27-de 6,3 dýuým, S27 Plus-da 6,7 dýuým, S27 Pro-da 6,5 dýuým, S27 Ultra-da bolsa 6,9 dýuým bolar.
Şol bir wagtyň özünde, Anthony lakamy bilen tanalýan internet sejerijisi tapgyryň iki sany ýokary derejeli modeliniň çak edilýän tehniki aýratynlyklaryny hem paýlaşdy. Onuň maglumatlaryna görä, Galaxy S27 Pro Quad HD+ çözgütli Dynamic AMOLED ekrany, 200, 50 we 12 megapikselli sensorlardan ybarat üç kameraly esasy kamerasy hem-de 5200 mA/sag kuwwatly batareýasy bilen tapawutlanar. Smartfon 60 Wt kuwwatly simli we 25 Wt kuwwatly simsiz zarýad bilen üpjün ediler.
Galaxy S27 Ultra-nyň bolsa 6,9 dýuýmlyk ekrany, 200, 50 we 50 megapikselli sensorlary bolan esasy kamerasy hem-de 5700 mA/sag kuwwatly batareýasy bolar diýlip çaklanylýar. Onuň zarýad beriş tizligi Pro modeli bilen deň bolar. Deslapky maglumatlara görä, iki smartfon hem LPDDR6 operatiw ýady we UFS 5.0 görnüşli içerki ýady alar.
Seljeriji Galaxy S27 Pro-nyň başlangyç bahasynyň 1299 dollar boljakdygyny çaklaýar. Tapgyryň beýleki modelleriniň bahalary häzirlikçe mälim edilmedi.
Samsung Galaxy S27 tapgyrynyň 2027-nji ýylyň başynda tanyşdyrylmagyna garaşylýar.