Huawei kompaniýasy Mate 90 hatarynyň iň kämil smartfonlaryny hödürledi

Düýn, 15:572,171
1 / 8

Huawei kompaniýasy özüniň flagman Mate 90 tapgyrynyň iň kämil smartfonlaryny — Pro Max, Collector’s Edition we RS Ultimate Design modellerini çykardy.

Modelleriň üçüsi hem 6,9 dýuýmlyk iki gatly OLED displeýleri, 6800 mA/sag sygymly akkumulýatorlary we 200 Mp periskopik teleobýektiw kameralary bilen üpjün edildi. Uly wersiýalar 1 dýuýmlyk sensory we 10 esse optiki zumy bolan daşky Huawei Ruiying Z10 modully kamerany hem goldaýar.

Flagman hatary premium stilde ýerine ýetirildi: Mate 90 Pro Max uly tegelek kamera bloguny aldy, yzky paneli bolsa kristal gurluşyna meňzeş geometrik şekiller bilen bezeldi, Collector’s Edition güýçlendirilen gorag aýnasy, RS Ultimate Design bolsa sekizburçly kamera moduly, titan çarçuwasy we korpusyň eksklýuziw materiallary bilen tapawutlanýar.

Huawei Mate 90 Pro Max modeliniň esasy häsiýetnamalary:

  • Ekran: 2848 × 1320 piksel durulygy, 1–120 Gs adaptiw ýygylygy, 12 000 nite çenli ýagtylygy we üçünji nesil Kunlun Glass gorag aýnasy bolan 6,9 dýuýmlyk iki gatly LTPO OLED.
  • Prosessory: Kirin 9050 ýa-da Kirin 9050 Pro, 16 GB çenli operatiw ýat we 1 TB içki ýat.
  • Kameralary: üýtgeýän diafragmaly 50 Mp esasy kamera, 40 Mp ultra giňburçly kamera, 4 esse optiki zum we 100 essä çenli sanly ulaltma bilen 200 Mp periskopik teleobýektiw.
  • Akkumulýator: 6800 mA/sag, 100 Wt simli, 50 Wt simsiz we tersine zarýady goldaýar.
  • Aragatnaşyk: Wi-Fi 7, Bluetooth 6.0, NFC, USB Type-C 3.1, «Beidou» hemrasy arkaly habar alyşmak.
  • Gorag: korpus IP68 we IP69 standartlaryna laýyk gelýär.

Huawei Mate 90 Pro Max Collector’s Edition diňe Kirin 9050 Pro çibiniň uly wersiýasyny, 16 GB operatiw ýady we 1 TB çenli içki ýady aldy. Onuň esasy tapawudy — Ruiying Z10 modully kamerasy bilen gabat gelmegi. Aksessuar 1 dýuýmlyk sensor, 24–240 mm diapazonly obýektiw we üznüksiz 10 esse optiki zum bilen üpjün edildi.

Ýokary derejeli Huawei Mate 90 RS Ultimate Design modeli şol bir kameralar toplumyny we ekrany aldy, ýöne dizaýny hem-de giňeldilen aragatnaşyk mümkinçilikleri bilen tapawutlanýar. Smartfon diňe bir «Beidou» däl, eýsem «Tiantong» hemra aragatnaşygyny hem goldaýar.

Modelleriň Hytaýdaky satuwy 1-nji oktýabrda başlandy.

Bahalary:

Huawei Mate 90 Pro Max:

  • Mate 90 Pro Max (12 GB operatiw + 512 GB ýat) — 9499 ýuan (takmynan, 1417 dollar).
  • Mate 90 Pro Max (16 GB + 512 GB) — 9999 ýuan (takmynan, 1491 dollar).

Mate 90 Pro Max Collector’s Edition:

  • 16 GB + 512 GB — 10 999 ýuan (1640 dollar töweregi).
  • 16 GB + 1 TB — 12 999 ýuan (1939 dollar töweregi).
  • Huawei Ruiying Z10 daşky kamerasy bolan toplum — 19 499 ýuan (takmynan, 2908 dollar).

Mate 90 RS Ultimate Design:

  • 16 GB + 512 GB — 12 999 ýuan (takmynan, 1939 dollar).
  • 16 GB + 1 TB — 14 999 ýuan (takmynan, 2237 dollar).
  • 16 GB + 2 TB — 18 999 ýuan (takmynan, 2834 dollar).

Aýratynlykda Huawei Ruiying Z10 kamerasynyň bahasy — 5999 ýuan (takmynan, 895 dollar).

Şol bir wagtyň özünde, Huawei bölek şaýlaryň gymmatlamagy sebäpli, geljekki smartfonlaryň bahalarynyň galmagynyň mümkindigini mälim etdi. Kompaniýanyň sarp ediş ugrunyň ýolbaşçysy Riçard Ýuýuň aýtmagyna görä, enjamlaryň önümçiligi, takmynan, 200 dollar gymmatlady, ýat çipleriniň ýetmezçiligi bolsa enjamyň özüne düşýän gymmatyna uly täsir edýär. Şol bir wagtyň özünde, Huawei bahalaryň ýokarlanmagynyň arzan smartfon öndürijilerine has güýçli täsir etjekdigini, premium segmentiň bolsa durnuklylygyny saklajakdygyny belleýär.