Huawei kompaniýasy öz saýtynda eplenýän Mate X8 smartfonynyň suratlaryny we ýat wersiýalaryny ýerleşdirdi. Smartfon bäş reňkde: gara, ak, melewşe, ýaşyl we gyzyl reňklerde hödürlener diýip, IT Home habar berýär.
Mate X8 içine eplenýän çeýe ekranly kitap görnüşinde ýasaldy. Yzky panelinde uly tegelek kamera toplumy ýerleşýär. «MyDrivers» neşiriniň maglumatyna görä, enjamyň benewşe, ýaşyl we gyzyl görnüşleri altynsow nagyşly matapisint, ak we gara görnüşleri bolsa birsydyrgyn reňkli bezegi aldy.

Adaty wersiýasy üçin 12 GB operatiw ýat we 256 ýa-da 512 GB içerki ýat göz öňünde tutuldy. «Collector’s Edition» kolleksion görnüşi bolsa 16 GB operatiw ýat we 512 GB ýa-da 1 TB içerki ýat bilen üpjün ediler.

Maglumata görä, kolleksion wersiýasy daşky Ruiying Z10 modully kamerany goldar. Ony birikdirmek üçin bolsa smartfonyň kamera toplumynda ýörite berkidijileriň ýerleşdirilmegi mümkin. Modul bir dýuýmlyk RYYB sensory hem-de şekilleri gowulandyrmak üçin Kirin çibi bilen işleşýän aýratyn optiki durnuklaşdyryş ulgamy bilen enjamlaşdyryldy.

Smartfonyň özi üýtgeýän diafragmaly 50 MP esasy kamerany we 50 MP periskopik teleobýektiwi alyp biler. Şeýle-de giň burçly kameranyň we reňkleri dogry bermek üçin «Hongfeng» datçiginiň goşulmagy mümkin. Deslapky maglumata görä, daşky ekranyň diagonaly, takmynan, 6,5 dýuým, içki ekranyňky bolsa 8,15 dýuým bolar.
Ähli wersiýalar Kirin 9050 Pro prosessorynda işlär. Akkumulýatorynyň sygymy 6000 mA/sag-dan geçýär. Deňeşdirip aýtsak, öňki adaty modelde bu görkeziji 5525 mA/sag barabardy.
Mate X8-iň hem-de Huawei-iň beýleki enjamlarynyň tanyşdyrylyşy 24-nji noýabrda Hytaýda geçiriler.