Huawei kompaniýasy Hytaýda Xingmang ady bilen tanalýan täze OSTA kiçi brendini bazara çykarmaga taýýarlanýar. Sosial torlarda onuň «O1» atly flagman smartfonynyň ilkinji render suratlary peýda boldy. «OSTA» adyny kompaniýa heniz 2004-nji ýylda hasaba aldyrypdy, ýöne ony sarp ediş elektronikasy üçin indi işjeň ulanyp başlady.
Suratlardan görnüşi ýaly, OSTA O1 inçe çarçuwaly tekiz displeýe hem-de öňdäki kamera üçin kiçijik oýuga eýe bolar. Yzky panelde, korpusyň ýokarky böleginde keseligine ýerleşdirilen kamera blogy bar. Onda iki sany obýektiw — esasy we ultra giňburçly obýektiwler, şeýle hem ýiti LED çyrasy ýerleşdirilendir.

Smartfon azyndan gara, ak we benewşe reňklerde hödürlener. Korpusyň aşaky böleginde «Starburst» diýen dik ýazgy bar. Bu dizaýn 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda tanyşdyrylan Huawei Pura X View-i ýatladýar.

OSTA O1-iň tehniki aýratynlyklary barada entek resmi maglumat berilmeýär. Şol bir wagtyň özünde, käbir maglumatlarda has kämil O1 Pro wersiýasynyň taýýarlanýandygy aýdylýar. Deslapky maglumata görä, ol durulygy 1.5K we taraplarynyň gatnaşygy 16:9.5 bolan 6,39 dýuýmlyk tekiz LTPS ekrany alyp biler.
Şeýle hem 16 GB operatiw we 1 TB içki ýatly wersiýa barada habar berilýär.
Täze kiçi brendiň tanyşdyrylyş senesi heniz yglan edilmedi.
OSTA-nyň işe girizilmegi Huawei kompaniýasynyň öz ekoulgamyny ösdürmegi, şol sanda Windows ulgamyndan ýüz öwrüp, HarmonyOS enjamlaryna geçmegi maksat edinýändigini görkezýär.