Huawei global bazar üçin Pura 90s smartfon hataryny hödürledi

Düýn, 23:21710
1 / 5

Huawei kompaniýasy özüniň täze flagman smartfonlary bolan Pura 90s Pro we Pura 90s Pro Max modelleriniň halkara satuwynyň başlaýandygyny mälim etdi. Täze önümlerde esasy üns emeli aňyň kömegi bilen surata düşürmegiň ösen mümkinçiliklerine hem-de ýokary öndürijilige berildi.

Hataryň uly modeli bolan Pura 90s Pro Max 200 Mp teleobýektiw, 50 Mp esasy Ultra Lighting HDR kamerasy we 40 Mp ultra giňburçly modul bilen üpjün edildi. Ol 4 esse optiki we 100 essä çenli sanly zumy goldaýar.

Kiçi model Pura 90s Pro bolsa 50 Mp esasy Ultra Lighting kamerasyna, 12,5 Mp ultra giňburçly modula we 50 Mp Ultra Lighting Macro Telephoto telemakrokamerasyna eýedir. Bu model hem 4 esse optiki we 100 esse sanly zumy hödürleýär.

Iki modelde hem gurnalan True-to-Colour Camera 2.0 sensory we ikinji nesil XMAGE tehnologiýasy arkaly reňkleriň takyklygy 43% ýokarlandyryldy. Mundan başga-da, suratlary redaktirlemek üçin akylly emeli aň funksiýalary girizildi we olar kadry dogry gurmaga, artykmaç şöhleleri aýyrmaga we obýektleriň ýerini üýtgetmäge kömek edýär.

Tehniki aýratynlyklary boýunça iki smartfon hem sekiz ýadroly Kirin 9030S prosessorynda işleýär, Wi-Fi 7, Bluetooth 6.0 we eSIM goldawyna eýe hem-de IP68/IP69 standartlary boýunça suwdan we tozandan goraglydyr. Modelleriň ikisinde-de 6000 mA/sag sygymly akkumulýator bar.

Şeýle-de, uly model bolan Pura 90s Pro Max şöhlelenmä garşy Kunlun Glass aýnaly 6,9 dýuýmlyk ekrana, 12 GB operatiw we 512 GB içerki ýada, şeýle hem 100 Wt simli we 80 Wt simsiz çalt zarýad beriş tehnologiýasyna eýe boldy. Kiçi model Pura 90s Pro bolsa 6,6 dýuýmlyk ekran, 12 GB operatiw hem-de 256 ýa-da 512 GB içerki ýat we 66 Wt simli zarýad beriş goldawy bilen tapawutlanýar.

Smartfonlaryň global wersiýalary täzelenen Celia ses kömekçisi bolan EMUI 16.0 operasion ulgamynyň dolandyrmagynda işleýär.

Öndüriji Ýewropada Pura 90s hatary üçin aşakdaky bahalary kesgitledi:

  • Huawei Pura 90s Pro (12/256 GB): €899
  • Huawei Pura 90s Pro (12/512 GB): €1049
  • Huawei Pura 90s Pro Max (12/256 GB): €1149
  • Huawei Pura 90s Pro Max (12/512 GB): €1299
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.