Huawei täze çiplerini görkezdi we indi Nvidia bilen bäsleşmäge taýýarlanýar

Şu gün, 15:42417

Huawei kompaniýasy Şanhaýda 11 sany täze emeli aň çözgüdi bilen tanyşdyrdy. Olaryň arasynda çip toplumlary, emeli aň tizlendirijileri, prosessorlar we ýat enjamlary bar.

Kompaniýa maşyn arkaly öwrenmegiň iň täze çözgütleri bilen üpjün edilen Atlas 960 SuperPoD hasaplaýyş toplumyny hem hödürledi. Bu tehnologiýalar emeli aň ulgamlaryna çaklamalary amala aşyrmaga ýa-da dürli kararlar kabul etmäge mümkinçilik berýär.

Huawei 2028-nji ýylda Ascend 970, 2029-njy ýylda bolsa Ascend 980 tapgyrly çipleri öndürmäge başlajakdygyny hem mälim etdi.

Associated Press agentliginiň soraglaryna jogap beren hünärmenleriň bellemegine görä, Huawei-iň hödürleýän emeli aň tehnologiýalary bu ugurdaky dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary, şol sanda ABŞ-nyň Nvidia kompaniýasy bilen üstünlikli bäsleşmäge mümkinçilik berer diýip umyt edýär.