SpaceX kompaniýasy Nvidia bilen emeli aň ulgamlaryny işe girizmek üçin niýetlenen kosmos maglumat merkezini gurmak boýunça strategik hyzmatdaşlygy yglan etdi.
Kompaniýalar bilelikde Starmind AI1 hemralary üçin enjamlary işläp düzerler. Her bir hemrada NVIDIA Rubin GPU-lary we NVIDIA Vera prosessorlary oturdylar.
Ilkinji AI1 hemralaryny SpaceX 2027-nji ýylyň başynda orbita çykarmagy meýilleşdirýär. Kompaniýanyň maglumatyna görä, olaryň her biri emeli aň wezipeleri üçin takmynan 120 kWt hasaplaýyş güýjüni üpjün edip biler.
Taslamanyň beýleki tehniki bölekleri heniz mälim edilenok.