Huawei täze flagman sagadyny, planşetini, gulaklygyny we smartfonlaryny tanyşdyrdy

Düýn, 10:252,066
1 / 5

Huawei Germaniýanyň Mýunhen şäherindäki Olimpiýa stadionynda täze flagman enjamlarynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Kompaniýa täze önümlerini dört ugra — dakma enjamlar, planşetler, smartfonlar we aýdym-saz enjamlary toparyna bölüp görkezdi. Tanyşdyrylyş çäresi «Akymyň kowgysynda» diýen şygar astynda geçirildi.

«Täze önümler akylly tehnologiýalary gündelik durmuş bilen sazlaşykly utgaşdyryp, ulanyjylara öz höweslerini erkin we ruhubelentlik bilen amala aşyrmaga kömek edýär» diýip, kompaniýanyň wekilleri bellediler.

Dakma enjamlar

Esasy täzelikleriň biri «EasyCross» gaýyş bagly Huawei Watch GT 7 akylly sagady boldy. Sagat 46 we 41 mm ölçegdäki görnüşlerde, şeýle hem sekiz dürli reňkde hödürlenýär. «Pro» görnüşi titan korpus we nanokeramiki bezeg halkasy bilen tapawutlanýar.

Seriýada ilkinji gezek bilek arkaly saglyk görkezijilerini yzarlamak funksiýasy we «G-Force» agyrlyk güýjüniň datçigi, ýapyk binalardaky gyşky sport görnüşleri üçin ýörite düzülen türgenleşik režimi hem-de tutuş dünýäniň 3 müňden gowrak kurortlarynyň kartasy peýda boldy. Welosipedçiler üçin bolsa öwrümlerde ugur meýilleşdirmek, dik eňňitler we ýiti öwrümler hakynda duýduryşlar, şeýle hem emeli aň arkaly türgenleşigi seljermek funksiýasy goşuldy.

Bir ýyllyk arakesmeden soň Huawei Watch 6 seriýasy hem täzelenen görnüşde hödürlendi. Onuň indi giňeldilen sport tertipleri, emeli aň arkaly işjeňlik derňewi, özbaşdak jaň etmek mümkinçiligi, nawigasiýasy we galtaşyksyz töleg geçirmek funksiýasy bar.

Şeýle hem Huawei Ýewropanyň lukmançylyk enjamlary üçin CE-MDR güwänamasyna eýe bolan täze akylly tonometr — Watch D3-i tanyşdyrdy. Ol türgenleşigiň öň ýanynda we ondan soň gan basyşyny ölçeýär, ulanyja wagtly-wagtyna ölçeg geçirmegi ýatladyp durýar.

Planşet we gulaklyk

Huawei MatePad Pro planşeti «PaperMatte» tehnologiýasy ulanylan 12 dýuýmlyk çeýe OLED-ekran bilen üpjün edildi. Galyňlygy 4,7 mm bolan enjamyň agramy bary-ýogy 454 gram.

Planşetiň emeli aň esasynda işleýän funksiýalarynyň arasynda gepleşikleri ýazga geçirmek we golýazmany has kämilleşdirilen görnüşde tekste öwürmek aýratynlyklary bar. Ýazuw galamjygy ekrana degirmezden ulanyp bolýar.

Aýdym-sazy gowy görýänler üçin kompaniýa täze dizaýnly, sesi has çuň berýän Huawei FreeBuds Neo gulaklyklaryny görkezdi.

Smartfonlar

Tanyşdyrylyş dabarasynda Huawei Nova 16s seriýasynyň hem ilkinji global görkezilişi geçirildi. Täze smartfonlar korpusynyň ýukalygy bilen tapawutlanýar. Onda 200 MP durulykdaky baş kamera, uly sensor we «RYYB» reňk süzgüji ulanylýar. Öňki kamera bolsa 50 MP durulykda. Mundan başga-da, smartfonlar 50 MP periskopik teleobýektiw we suratlary emeli aň arkaly gowlamaga kömek edýän gurallar toplumy bilen üpjün edildi.

Huawei, şeýle hem sanly sungat boýunça her ýyl geçirilýän GoPaint bäsleşiginiň başlanandygyny habar berdi. Bu ýyl ulanyjylaryň döredijilik ukyplaryny synap görmegine we bäsleşige has giňden gatnaşmagyna mümkinçilik bermek üçin «Ýeňil döredijilik» atly täze ugur goşuldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.