Huawei kompaniýasy öňki nesil Mate smartfonlarynyň eýelerini täze Mate 90 seriýasyny satyn almaga höweslendirmek üçin ýörite maksatnama başlady. Kompaniýa köne telefony tabşyryp, täzesini satyn alýan müşderilere goşmaça arzanladyşlary, göterimsiz bölekleýin töleg mümkinçiligini we mugt bulut ammaryny hödürleýär.
Huawei Terminal-yň resmi WeChat hasabynda «Bilelikde 30-dan, 40-dan, 50-den we 60-dan — 90-a tarap» diýen şygar bilen bildiriş hem çap edildi. Täze smartfona geçmegi makul bilýän alyjylara köne enjamyny tabşyran ýagdaýynda 800 ýuana çenli (takmynan, 120 dollar) goşmaça arzanladyş, 24 aýa çenli göterimsiz töleg we bir ýyl möhlet bilen 200 GB bulut ammary wada berilýär.
Täze modeliň artykmaçlyklaryny görkezmek üçin Huawei Mate 90 Pro smartfonyny birnäçe öňki nesil modelleri, şol sanda Mate 60 Pro bilen deňeşdirdi. Kompaniýanyň aýtmagyna görä, täze model öndürijilik, ekranyň hili, batareýasynyň işleýiş wagty, kamera mümkinçilikleri we ykjam aragatnaşyk babatda has kämildir.
Mahabat kampaniýasynda Mate 50 Pro, Mate 40 Pro we Mate 30 Pro 5G modelleri hem agzalýar. Huawei-iň niýeti – bu smartfonlaryň eýelerini täze nesle geçmäge höweslendirmek.
Mate seriýasynyň eýýäm birnäçe nesli bar. 5G aragatnaşygyny goldaýan Mate 30 smartfony ilkinji gezek 2019-njy ýylda tanyşdyrylypdy.