Eplenýän Xiaomi 18 Fold smartfony satuwyň birinji hepdesinde 80 müň töweregi nusgadasatyldy. Şeýlelikde, ol şu döwür üçin Xiaomi-niň taryhynda iň köp satylan eplenýän smartfon boldy.
Insaýder @RDObservation-yň berýän maglumatyna görä, söwdanyň diňe ilkinji güni 36 müňe golaý enjam satylypdyr. Xiaomi 18 Fold açyk satuwa 10-njy sentýabrda çykarylypdy. Görkezilişden az wagt geçensoň, kompaniýa harydyň gorlarynyň tizlik bilen gutarýandygyny hem habar berdi.
Täze modele Leica-nyň üç modully kamerasy, kuwwaty 6000 mA·sag bolan batareýa, kabelli 67 Wt we simsiz 50 Wt zarýad beriş ulgamlary ornaşdyrylan. Enjam IP58 we IP59 standartlary boýunça goragly bolup, onda UWB tehnologiýasy we goşa dinamikler bar.
Esasy kamerada 200 megapiksellik HP5 datçigi ulanylan. Şeýle hem, 3,5 esse zoom edip bilýän JN5 datçikli 50 megapiksellik periskop modul we fokus aralygy 17 mm bolan giň burçly kamera oturdylan.