Hytaý eýýäm 9 aýda tutuş geçen ýylyň görkezijisinden köp awtoulag eksport etdi

16.10.2026, 13:086,912

Hytaýyň awtoulag senagaty ýokary ösüş depginini görkezmegini dowam etdirýär. 2026-njy ýylyň ilkinji dokuz aýynda beýleki ýurtlara Hytaýdan 8,63 million awtoulag eksport edildi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 51,9% köpdür.

Awtoulag eksportynyň pul görnüşindäki möçberi 54,3% artyp, 149,9 milliard dollara ýetdi. SteelHome portalynyň Hytaýyň gümrük gullugyna salgylanyp habar bermegine görä, diňe sentýabr aýynda daşary ýurtlara 1,18 million awtoulag iberildi. Bu geçen ýylyň sentýabr aýyndaky görkezijiden 56,3%, şu ýylyň awgust aýyndaky netijeden bolsa 13,4% ýokarydyr.

Hytaýyň awtoulaglarynyň dünýädäki satuwy ýylsaýyn ösýär. 2024-nji ýylda eksport 22,8% artdy, 2025-nji ýylda bolsa ýene 30% köpelip, ýylyň dowamynda 8,32 million awtoulaga ýetdi. Şeýlelikde, şu ýylyň ilkinji dokuz aýynda Hytaýyň awtoulag öndürijileri eýýäm geçen ýylyň tutuş dowamynda gazanylan görkezijiden hem öňe geçmegi başardylar.