Hytaýyň iri awtoulag öndürijileri GAC (Guangzhou Automobile Group CO.,Ltd.) we FAW (First Automobile Works) özara memoranduma gol çekdiler. Memorandumda göz öňünde tutulyşyna görä, FAW GAC kompaniýasynyň ikinji iri paýdaryna öwrülip biler. Ylalaşygyň beýleki şertleri häzirlikçe aýan edilmedi diýip, IT Home habar berýär.
Duşenbe güni irden GAC Şanhaý gazna biržasynda öz paýnamalarynyň söwdasyny garaşylmadyk ýagdaýda wagtlaýyn togtatdy. Soňra kompaniýa muny FAW bilen baglanyşykly iri geleşige taýýarlyk görülýändigi bilen düşündirdi. Has anygy, paýnamalaryň bahasynyň birden üýtgäp gitmeginiň öňüni almak we maýadarlaryň bähbitlerini goramak üçin söwda wagtlaýyn ýapyldy.
Paýnamalaryň söwdasyny 10 söwda gününden soň täzeden başlatmak meýilleşdirilýär. Şol wagta çenli iki tarap hem häzirki wagtda resmi taýdan «aktiwleriň iri möçberde täzeden guralmagy» diýlip atlandyrylýan geleşigiň şertlerini aýan etmegi meýilleşdirýär.
GAC bilen FAW kompaniýalarynyň ikisiniň hem Toyota bilen bilelikdäki kärhanalary bar. GAC-niň beýanatynda FAW-a degişli bilelikdäki kärhanalaryň biriniň paýnamalarynyň belli bir bölegini satyn almagyň meýilleşdirilýändigi aýdylýar. Çaklamalaryň birinde aýdylyşy ýaly, bu geleşik şol kärhanalaryň bir kompaniýa hökmünde birleşmegine getirip biler. Şeýle birleşme Toyota-nyň Hytaýdaky önümçilik kuwwatyny, satuw ulgamyny we awtoulag görnüşleriniň hataryny has netijeli peýdalanmaga mümkinçilik döreder.
Başga bir çaklama görä, geleşik, esasan, ýeňil täjirçilik ulaglary bilen bagly bolup biler.
CarNewsChina-nyň maglumatlaryna görä, GAC we FAW soňky döwürde içerki bazarda maliýe kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Olaryň satuw möçberi azalýar, girdejileri bolsa pese düşýär.
Hytaýyň ýolbaşçylary 2025-nji ýyldan bäri döwlet eýeçiligindäki awtoulag senagaty kärhanalarynyň işini strategik taýdan üýtgedip guramagy we olaryň aktiwlerini birleşdirmegi goldap gelýär.