Micron işgärlerine 68 aýlyk zähmet haky möçberinde baýrak berer

Düýn, 08:404,868

Micron Technology kompaniýasynyň Taýwandaky işgärleri 2026-njy maliýe ýylynyň netijeleri boýunça 35 aýlyk hakyndan 68 aýlyga çenli baýrak alyp biler. Kompaniýanyň maglumatyna görä, her bir işgär üçin pul görnüşindäki iň az baýragyň möçberi 53 809 dollar bolar.

Reuters Micron-yň dünýäniň dürli ýurtlaryndaky 60 müňden gowrak işgärine baýrak tölemegi meýilleşdirýändigini habar berýär. Kompaniýa bu rekord derejedäki tölegleri hasabat döwründe girdejileriniň adatdan daşary ýokary bolandygy bilen düşündirýär. Şunda, esasan hem, önümçilikde işleýän operatorlaryň, tehnikleriň we çalşykly işleýän inženerleriň baýraklary ep-esli ýokary bolar.

2025-nji ýylyň 29-njy awgustyna çenli Micron kompaniýasyna işe giren Taýwandaky işgärlere 31 653 dollar möçberinde pul baýragy berler. Başlangyç derejedäki inženerleriň aljak pul baýragy bolsa bu möçberden üç esse töweregi köp bolar. Beýleki tölegler bilen bilelikde olaryň umumy baýragy 107 müň dollara ýeter.

Baýragyň bir bölegi kompaniýanyň paýnamalary görnüşinde hem berler. Häzirki wagtda Micron-yň Taýwandaky kärhanalarynda, takmynan, 15 müň adam zähmet çekýär.

Şol bir wagtyň özünde, kompaniýa bilen Micron-yň Taýwandaky işgärleriniň üçden iki bölegine golaýyny birleşdirýän kärdeşler arkalaşygynyň arasynda geçirilýän gepleşikler häzirlikçe oňaýly netije bermedi. Taraplaryň ylalaşyp bilmändigi sebäpli, gepleşikler araçynyň gatnaşmagynda ikinji tapgyrda dowam etdiriler.

Işgärler özlerine berilýän baýrak bilen Günorta Koreýanyň kompaniýalarynda işleýän kärdeşleriniň alýan baýraklarynyň arasyndaky tapawudy azaltmagy talap edýär. Ýadyňyzda bolsa, Samsung Electronics we SK hynix kompaniýalarynyň işgärleri hem biraz wagt mundan öň bir adama 400 müň dollara çenli ýyllyk baýrak almaga mümkinçilik berýän şertleri gazanypdylar.