Amerikaly milliarder Ilon Mask 2027-nji ýylda ABŞ-daky her bir çaga özüniň SpaceX aerokosmos kompaniýasynyň bir paýnamasyny bermegi meýilleşdirýändigini aýtdy. Bu barada telekeçi X sosial ulgamynda habar berdi diýip, «Business Insider» neşiri ýazýar.
Maskyň aýtmagyna görä, paýnamalary paýlamak şeýle giň gerimli başlangyçlaryň ilkinjisi bolar. Şol bir wagtyň özünde, telekeçi gymmatly kagyzlary bermegiň nähili guraljakdygyny, olary kimleriň alyp biljekdigini we haýsy şertleri ýerine ýetirmelidigini entek mälim etmedi.
2002-nji ýylda döredilen SpaceX kompaniýasy raketa-kosmos enjamlaryny işläp düzmek bilen meşgullanýar we Starlink hemralaýyn internet aragatnaşyk ulgamyny dolandyryjy hökmünde çykyş edýär.
«Business Insider» neşiriniň baha bermegine görä, milliarderiň bu başlangyjy ABŞ-da ýaşaýan, takmynan, 72 million çaga täsir edip biler. SpaceX-iň paýnamalarynyň häzirki bahasyny göz öňünde tutsaň, Maskyň paýlamakçy bolýan gymmatly kagyzlarynyň umumy bahasy, takmynan, 10,5 milliard dollara deň.
ABŞ-da Prezident Donald Trampyň administrasiýasynyň «Trump Accounts» diýlip atlandyrylýan başlangyjy hem hereket edýär we ol çagalar üçin maýa goýum hasaplaryny döretmegi göz öňünde tutýar. Hususan-da, 2025-nji ýyldan 2028-nji ýyl aralygynda doglan we maksatnamanyň şertlerine gabat gelýän çagalar üçin 1000 dollar möçberinde ilkinji döwlet tölegi bellenilen.
Häzirlikçe paýnamalary geçirmegiň şol maksatnama arkaly guraljakdygy ýa-da munuň üçin aýratyn mehanizmiň dörediljekdigi barada maglumat ýok.