Satuwynyň peselmegi Nike kompaniýasyny müňlerçe adamy işden boşatmaga mejbur edýär

Düýn, 11:302,167

«Nike» kompaniýasy işgär sanyny azaltmagy we sebit bölümleriniň gurluşyny üýtgetmegi göz öňünde tutýan täze üýtgedip gurmak maksatnamasyny yglan etdi. Bu barada «Reuters» agentligi habar berýär.

Bu çözgüt kompaniýanyň Hytaýdaky satuwlarynyň yzygiderli pese gaçýan döwründe kabul edildi. Şu maliýe ýylynyň birinji çärýeginde bu ýurtdaky satuwlar 26 göterim azaldy. Şeýlelikde, pese gaçyş yzly-yzyna dokuzynjy çärýekde hem dowam etdi.

Işgärleriň näçesiniň işden çykaryljakdygy häzirlikçe belli däl. Kompaniýa işgärlere bu barada 2027-nji ýylda habar berip başlamagy meýilleşdirýär. Maksatnamanyň 2031-nji maliýe ýylyna çenli, takmynan, 2,5 milliard dollar tygşytlamaga mümkinçilik bermegine garaşylýar. Tygşytlamagyň esasy bölegi 2029-njy we 2030-njy ýyllara degişli bolar.

«Nike» kompaniýasy girdejisiniň mundan beýläk hem azalmagyna garaşýar. Çaklamalara görä, 2027-nji maliýe ýylynda kompaniýanyň girdejisi 7–9 göterim pese düşer. Ozal bilermenler bu görkezijiniň, takmynan, 2 göterim azaljakdygyny çaklaýardy. Kompaniýanyň maliýe kynçylyklary täze we uly gyzyklanma döredýän önümleriň azlygy bilen baglanyşykly. Şol sebäpli satuwlary höweslendirmek üçin arzanladyşlara we mahabat çärelerine has köp bil baglamaly bolýar.

«Nike Performance sport önümleriniň ugry häzirki wagtda gündelik geýimleriň, Jordan brendiniň we Uly Hytaý sebitiniň bazarlarynda duýulýan pese gaçyşyň öwezini dolmak üçin heniz ýeterlik derejede uly däl» diýip, «Nike» kompaniýasynyň baş direktory Elliot Hill belledi.

Onuň aýtmagyna görä, kompaniýa Jordan brendiniň retro nusgalarynyň önümçiligini hem bilkastlaýyn azaldýar.

Işgär sanyny we çykdajylary azaltmak bilen bir hatarda, «Nike» sebit bölümleriniň gurluşyny hem üýtgeder. Häzirki dört iri sebitiň ýerine üç sebit dörediler: Amerika; Aziýa-Ýuwaş umman sebiti we Uly Hytaý sebiti (Hytaý, Gonkong, Makao we Taýwan); şeýle hem Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Afrika (EMEA).

Kompaniýanyň kynçylyklarynyň dowam edýän döwründe bäsdeşleriň hereketleri hem «Nike» üçin goşmaça basyş döredýär. Sentýabr aýynda fransiýaly futbolçy Kilian Mbappe «Nike» bilen 20 ýyllyk hyzmatdaşlygyny tamamlap, Şweýsariýanyň «On» brendine geçdi.