«Realyň» we Fransiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kilian Mbappe Nike kompaniýasy bilen tas 20 ýyllyk hyzmatdaşlygyny resmi taýdan tamamlady hem-de Şweýsariýanyň On sport brendi bilen şertnama baglaşdy.
Fransiýaly hüjümçi şweýsar markasynyň esasy ýüzi bolar, kompaniýa onuň bilen hyzmatdaşlyk etmek arkaly futbol bazaryna doly derejede çykmagy meýilleşdirýär. Ylalaşyk baradaky bildirişiň netijesinde Nýu-Ýorkda deslapky söwdalarda On kompaniýasynyň paýnamalary 6 göterim gymmatlady.
Brend futbol bazaryna tapgyrlaýyn çykmagy meýilleşdirýär: onuň ilkinji butsylary 2027-nji ýylda çykarylar, şondan soň kompaniýa oýun eşiklerini, gündelik lybaslary we krossowkalary öndürip başlar. Kompaniýada futbol ugrunyň ösdürilmegi bilen futbol direktory wezipesine bellenilen Fransiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Týerri Anri meşgullanar.

Brend Nike, Adidas we Puma bilen LightSpray tehnologiýasynyň hasabyna bäsleşmek isleýär. Kompaniýanyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, tehnologiýanyň kömegi bilen üznüksiz termoplastik sapagy pürkmek arkaly bary-ýogy birnäçe minutda aýakgabyň asla tikinsiz, örän ýeňil ýokarky bölegi döredilýär. Şeýle ýeňil butsylar futbolçylara topy has gowy duýmaga mümkinçilik berer diýip tama edilýär.

Mbappe bilen baglaşylan ylalaşygyň görnüşi şweýsariýaly tennisçi Rojer Federer bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyk modelini gaýtalar. Federer 2019-njy ýylda On brendiniň maýadary we hyzmatdaşy boldy, soňra kompaniýanyň önümlerini döretmäge hem-de brendiň tennis senagatyna çykmagyna gatnaşypdy.
Şertnamanyň çäklerinde Mbappe kompaniýada paý hem alar.
Häzirki günde dünýä çempionatynyň oýunçylarynyň, takmynan, 90 göterimi Nike (40%), Adidas (40%) we Puma (40%) brendleriniň önümlerini ulanýar, On hem halkara meýdançada doly derejeli oýunçy bolmaga umyt edýär.
Mbappe bilen hyzmatdaşlygyň tamamlanmagy Nike üçin bazardaky ornuna uly zarba we ikinji uly ýitgi boldy. Ondan öň «Barselonanyň» ýaş ýyldyzy Lamin Ýamal Adidas kompaniýasyna geçipdi.
Umuman aýdanyňda, Nike häzir çylşyrymly döwri başdan geçirýär. Satuwyň azalmagy netijesinde kompaniýa düzüminde käbir üýtgeşmeleri geçirip, LVMH toparynyň ýolbaşçysy Bernar Arnonyň 34 ýaşly ogly Aleksandr Arnony müdirler geňeşiniň täze agzasy hökmünde belledi.
Häzirki wagtda Nike-niň paýnamalary iň ýokary derejesinden 75-80%-den gowrak arzanlady, kompaniýanyň özi bolsa Dow Jones indeksinden çykarylmak töwekgelçiligi bilen ýüzbe-ýüz boldy we S&P-den çykdy.