Forbes: Trampyň baýlygy $7 milliarda ýetdi

Düýn, 18:015,331

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň 2024-nji ýylda Ak Tama gaýdyp gelmeginden soň onuň baýlygy 2,7 milliard dollar artyp, häzirki wagtda, takmynan, 7 milliard dollar diýlip bahalandyrylýar. Bu barada Forbes habar berýär.

Forbes mart aýynda Trampyň baýlygyny 6,5 milliard dollar diýip hasaplapdy. Sentýabra çenli bu görkeziji ýene-de 500 million dollar artdy. Şeýle-de bolsa, soňky bir ýylyň dowamynda onuň maýasy 7,3 milliard dollar bolan iň ýokary görkezijisinden, takmynan, 300 million dollar azalypdy.

Trampyň kriptowalýuta we nagt görnüşindäki emläkleriniň umumy paýy, takmynan, 2,4 milliard dollara deň bolup, oňa nagt serişdeler, World Liberty Financial platformasynyň tokenleri, TRUMP memkoinleri we USD1 steýblkoini bilen baglanyşykly telekeçilik işleri girýär.

Trampa degişli golf klublarynyň we dynç alyş merkezleriniň gymmaty hem ep-esli ýokarlandy. Forbes olaryň umumy bahasyny 1,8 milliard dollar diýip kesgitleýär. Hususan-da, Mar-a-Lago toplumynyň bahasy 650 million dollara, Trump National Doral golf merkeziniňki bolsa, karzlar hasaba alynmazdan öň, 500 million dollara ýetdi.

Şol bir wagtyň özünde, Trampyň käbir emläkleriniň bahasy soňky bir ýylda ep-esli pese düşdi. Neşiriň bahalandyrmagyna görä, onuň Trump Media and Technology Group kompaniýasyndaky paýynyň gymmaty, takmynan, 1 milliard dollar, TRUMP memkoinleriniňkini 183 million dollar, World Liberty Financial tokenleriniňkini bolsa 78 million dollar.

Forbes-iň bellemegine görä, bu Trampyň alan girdejisiniň däl-de, onuň umumy baýlygynyň çaklama bahalandyrylmasyny görkezýär. Sebäbi emläkleriň gymmaty bazardaky üýtgeşmelere baglylykda üýtgäp durýar.