Binance ogurlanan $6,3 mlrd-yň 95%-ini gaýtaryp, pul çykarmak mümkinçiligini gaýtadan açdy

Şu gün, 11:15751

Binance kriptobiržasy giň gerimli haker hüjüminden soň bitkoin, Ethereum we beýleki kriptowalýutalary hasaplardan çykarmak mümkinçiligini gaýtadan ýola goýdy. Hüjüm netijesinde jemi 6,3 mlrd dollarlyk aktiw ogurlanypdy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, ýetirilen zyýanyň, takmynan, 95%-iniň, ýagny 6 mlrd dollarynyň öwezi dolundy.

Ilkinji tapgyrda ulanyjylara Bitcoin, Ethereum, XRP, Dogecoin, BNB ýaly 15 görnüşli kriptowalýutany, şeýle-de USDT we USDC ýaly bahasy durnukly kriptowalýutalary çykarmak mümkinçiligi berildi.

Binance ýitgileriň öwezini dolmak üçin öz serişdelerini, SAFU gaznasynyň ätiýaçlyk gorlaryny, möhletleýin şertnamalar boýunça söwda üçin döredilen ätiýaçlyk gaznasyny we kompaniýanyň maliýe serişdelerini ulandy. Ogurlanan aktiwleriň galan 5%-i bolsa bazarda az satylýan we çalt pula öwrülmeýän sanly tokenlere degişli. Şol sebäpli olaryň öwezini dolmak üçin biraz wagt gerek bolup biler.

Kompaniýa SAFU gaznasynyň möçberini gaýtadan 1 mlrd dollara ýetirmegi hem wada berdi.

ABŞ-nyň Federal derňew býurosy (FBI) haker hüjümini Demirgazyk Koreýa bilen baglanyşdyrylýan TraderTraitor atly haker toparynyň amala aşyrandygyny öňe sürýär. Emma ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Waşingtonyň häzirlikçe Phenýanyň bu hüjüme dahyllydygyna doly ynanmaýandygyny nygtady.

Binance kompaniýasynyň esaslandyryjysy Çanpen Çžao ogurlanan aktiwleri yzarlamakda we doňdurmakda kömek edendikleri üçin ABŞ-nyň hukuk goraýjy edaralaryna minnetdarlyk bildirdi.