CoinEx kriptobiržasy işini bes etjekdigini mälim etdi

Şu gün, 16:20369

CoinEx kriptowalýuta biržasy işini tapgyrlaýyn bes etjekdigini mälim etdi. Biržanyň ýaýradan beýanatyna görä, serişdeleri hasaplardan çykarmak hyzmaty 2026-njy ýylyň 22-nji dekabryna çenli elýeterli bolar.

Şol bir wagtda CoinEx Wallet we CoinEx Vault hyzmatlary öz işini dowam etdirer.

CoinEx kompaniýasy bu kararyň «kriptowalýutalar bazaryndaky uzak wagtlap dowam eden pese gaçyş, söwda dolanyşygynyň umumy möçberiniň we pudakdaky likwidliligiň ep-esli azalmagy», şeýle hem düzgünleşdiriji talaplaryň we olary berjaý etmek üçin çykdajylaryň «pähim-paýhasyň çäginden çykmagy» sebäpli kabul edilendigini düşündirdi.

Birža aktiwleriniň ätiýaçlyk gorunyň 100 göterimden ýokarydygyny we ulanyjylaryň ähli serişdelerini çykaryp biljekdigini tassyklady.

15-nji sentýabrdan CoinEx täze ulanyjylary hasaba almagyny we maslahat üçin berilýän sylag töleglerini bes etdi. 22-nji sentýabrda söwda bilen bagly bolmadyk ähli spot hyzmatlary, şol sanda fýuçers söwdasy togtadylar. 29-njy sentýabrda bolsa birža spot söwdasyny doly bes eder.

Birža özüniň CET tokenleriniň her birini 0,005 USDT-den yzyna satyn almagy meýilleşdirýär. Bellenen möhletde çykarylmaýan aktiwleri saklamak üçin başlangyç galyndynyň 5 göterimi möçberinde aýlyk töleg giriziler.

CoinEx 2017-nji ýylda Gonkongda esaslandyrylypdy. 2018-nji ýylda birža özüniň CET tokenini dolanyşyga girizdi.