ByteDance kompaniýasyny we TikTok platformasyny esaslandyran Çžan Imin Aziýanyň iň baý adamlarynyň sanawynda birinji ýeri eýeledi.
Onuň baýlygy 105 milliard dollardan geçdi. Bu barada Bloomberg-iň milliarderler sanawyndaky maglumatlarda aýdylýar.
Telekeçiniň baýlygynyň artmagy ByteDance kompaniýasynyň, şol sanda emeli aň ulgamyndaky işleriniň ösmegi bilen baglanyşyklydyr. ByteDance-iň emeli aň bilen bagly taslamalarynyň arasynda Doubao AI çat-boty we Seedance wideo generatory bar.
Çžan Imin öz baýlygy bilen soňky aýlarda kompaniýalarynyň paýnamalarynyň bahasynyň arzanlamagy sebäpli ýitgi çeken hindi milliarderi Gautam Adaniden öňe geçdi. Iýun aýynda Adaniniň baýlygy 120 milliard dollar diýlip bahalandyrylýardy.
Bloomberg-iň 2019-njy ýylyň martynda Çžan Iminiň baýlygy bilen gyzyklanyp başlan wagtyndan bäri onuň 13 milliard dollary, takmynan, sekiz esse artyp, 105 milliard dollara ýetdi. Bloomberg-iň BlackRock, Fidelity Investments we T. Rowe Price Group kompaniýalary tarapyndan ýaýradylan soňky seljermelerinden çen tutsaň, diňe şu aýyň dowamynda telekeçiniň baýlygy 12 milliard dollardan hem agdyk boldy.
Iýun aýynda Çžan Imin 92,8 milliard dollarlyk baýlygy bilen Aziýanyň iň baý telekeçileriniň sanawynda ikinji orunda durýardy. Şol döwürde ol Hytaýyň iň baý adamy hasaplanýardy.
Omdia kompaniýasynyň synçysy Lian Sze Sunyň aýtmagyna görä, emeli aň ugrunyň ösdürilmegi ByteDance üçin täze mümkinçilikleri döredýär. Onuň pikiriçe, kompaniýa öz emeli aň nusgalaryny okatmak üçin sosial ulgamlardan ýygnanan köp mukdardaky maglumatlary peýdalanyp biler.
Çžan Imin ByteDance kompaniýasyny 2012-nji ýylda esaslandyrdy. Soňra kompaniýa dünýäniň iň iri gysga wideo platformalarynyň biri bolan TikTok-y işe girizdi.