19-njy sentýabrda Aşgabatda «Startup World Cup 2026» halkara bäsleşiginiň saýlama tapgyry geçiriler. On iki sany iň gowy türkmen startapy öz taslamalaryny iňlis dilinde tanyşdyrar diýip, Orient ýazýar.
Saýlama bäsleşigi sagat 14:00-dan 17:00-a çenli «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezindäki «Bilelik Hub-da» geçiriler. Myhmanlar üçin giriş mugt.
«Startup World Cup» — bu Pegasus Tech Ventures wençur gaznasy tarapyndan guralýan dünýä derejesindäki bäsleşik. Bäsleşigiň jemleýji tapgyry 2026-njy ýylyň 4–6-njy noýabry aralygynda San-Fransisko şäherinde geçiriler. Oňa dünýäniň dürli ýurtlaryndan 200-den gowrak taslama gatnaşar, ýeňiji bolsa 1 million dollar möçberinde baýrak alar.
Türkmenistandan bolan gatnaşyjylar 51 arzanyň içinden saýlanyp alyndy. Olaryň pitç görnüşindäki çykyşlaryna BIZANGEL Biznes hususy maýadarlar klubunyň wekillerinden, telekeçilerden we maýadarlardan ybarat bolan eminler topary baha berer. Açylyşda gutlag sözi bilen amerikan telekeçisi, «Startup World Cup» bäsleşiginiň baş wagyzçysy we Pegasus Tech Ventures gaznasynyň hyzmatdaşy Bill Raýhert çykyş eder.
Türkmenistandaky saýlama tapgyry «StartUp Academy» hususy startap-akseleratory tarapyndan guralýar.