ABŞ-da Hellowin baýramy mynasybetli «Cheetos» brendi «The Flavor of Fear: Sweet Phantom Heat» («Gorkynyň tagamy: süýji arwah ajysy») atly çipsleriň çäkli tapgyryny satuwa çykardy.
Täze önüm «Astral» we «Paranormal hadysalar» ýaly gorkuly filmleri bilen tanalýan «Blumhouse» kinostudiýasy bilen bilelikde döredildi.
Öndürijiniň aýtmagyna görä, çipslerde süýji we ajy tagamlar utgaşýar. Olaryň düzüminde diliň biraz duýujylygyny ýitirip, jümşüldemegine sebäp bolýan syçuan burçy hem bar. Kompaniýa önümiň düzüminde emeli reňkleýjileriň we tagam beriji goşundylaryň ýokdugyny belleýär.
«Pringles» kompaniýasy hem Hellowin baýramy mynasybetli özboluşly aksiýasyny taýýarlady. Ol müşderilerine ömürlik çips ätiýaçlygyny, ýagny, takmynan, 200 ýyllyk önümi hödürleýär. Baýraga dalaş etmek isleýän gatnaşyjylar öz külüni brende miras galdyrmagy wesýet etmeli. Kompaniýa şol küli «Pringles» çipsleriniň gaplamasyna meňzeş görnüşde ýasalan ýörite metal gaba ýerleşdirmegi meýilleşdirýär.