Pepsi bilen 40 ýyllyk hyzmatdaşlykdan soň KFC ABŞ-da Coca-Cola geçýär

17.10.2026, 13:404,086

KFC-niň ABŞ-daky bölümi Coca-Cola kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy. Şeýlelikde, restoranlar ulgamy 40 ýyla golaý wagtdan soň ilkinji gezek içgi bilen üpjün edijisini çalşar. Üýtgeşmeler KFC-niň ABŞ-daky 3600 töweregi restoranyna täsir eder.

Coca-Cola-nyň ilkinji tapgyry 2027-nji ýylyň ýanwaryndan eltilip başlanar we ýaza çenli içgileriň ABŞ-daky KFC restoranlarynyň ählisinde elýeterli bolmagyna garaşylýar. Şertnamanyň maliýe şertleri aýan edilmedi.

Şertnama diňe ABŞ degişli bolup, KFC-niň beýleki ýurtlardaky bölümleri PepsiCo bilen hyzmatdaşlygyny dowam etdirer. Restoranlar ulgamy «Yum! Brands» holdinginiň düzümine girýär. Bu holding «Pizza Hut» we «Taco Bell» brendlerine hem eýelik edýär.

«Reuters» agentliginiň pudagyň hünärmenlerine salgylanyp habar bermegine görä, KFC-niň bu karary soňky döwürde iri müşderilerini ýitirýän PepsiCo kompaniýasynyň ýagdaýyny has-da kynlaşdyrdy. Hünärmenleriň bellemegine görä, muňa hümmetsizlenme we sarp edijileriň sagdyn iýmitlenmäge bolan isleginiň artmagy sebäp bolýar.

Seljerijileriň pikirine görä, üpjün edijiniň çalşylmagy KFC-niň ABŞ-nyň bazaryndaky ornuny berkitmäge ýardam edip biler. Häzirki wagtda restoranlar ulgamy tagamnamasynyň düzümini giňeltmek ugrunda iş alyp barýar.

KFC bilen PepsiCo-nyň hyzmatdaşlygy 1986-njy ýylyň iýulynda, PepsiCo restoranlar ulgamyny satyn alanda başlapdy. Şertnama baglaşylandan soň, KFC doly PepsiCo-nyň içgilerine geçdi. 1997-nji ýylda PepsiCo restoran işini, şol sanda KFC, Pizza Hut we Taco Bell ulgamlaryny, aýry kompaniýa — Tricon Global Restaurants-a (häzirki «Yum! Brands») geçiren hem bolsa, içgi bilen üpjün etmek şertnamasy üýtgewsiz galypdy.