Kaliforniýanyň federal kazyýeti bahasy $111 milliard bolan Paramount Skydance we Warner Bros. Discovery kompaniýalarynyň birleşmek baradaky şertnamasyny makullady. Birleşdirilen kompaniýa Skydance diýlip atlandyrylar, ýöne studiýalaryň, teleýaýlymlaryň we striming hyzmatlarynyň öňki atlary saklanyp galar.
Skydance Productions kompaniýasynyň ýolbaşçysy Dewid Ellison şetnamany 6-njy oktýabrda ýapmagyň meýilleşdirilýändigini habar berdi. Aýry-aýry studiýalaryň, teleýaýlymlaryň we striming hyzmatlarynyň atlaryny üýtgetmek meýilleşdirilmeýär. Kompaniýalar bar bolan brendleri we olaryň özboluşlylygyny saklap galmak isleýär.
Skydance-iň düzümine şular girer:
HBO, HBO Max, Paramount+, Nickelodeon, Adult Swim, CBS, CNN, MTV, Comedy Central, Cartoon Network, Showtime, TCM, TNT;
«Ýüzükleriň hökmürowany», «Harri Potter», «Missiýa ýerine ýetirmesiz», «Transformerler», «Tagtlaryň oýny», «Ýyldyz ýoly», «Nindzýa pyşbagalar,» «Ümsüm ýer», «Doga», Looney Tunes, Mortal Kombat we DC Comics franşizalary;
«Alaň 3-üň», şeýle hem Minecraft we MonsterVerse boýunça filmleriň distribusiýasyna bolan hukuklar.
Warner Bros. Games-iň oýun studiýalarynyň ykbaly barada entek hiç hili habar ýok, ýöne olaryň ýakynda döredilen Paramount Games-iň düzümine girmegi ähtimal. Ýagny gürrüň NetherRealm, Rocksteady, TT Games, Avalanche Software studiýalary we Mortal Kombat, Injustice, Batman: Arkham, LEGO oýunlary hem-de Hogwarts Legacy seriýalary bilen tanalýan beýleki studiýalar barada gidýär.
Birleşme kadr üýtgeşmelerine hem getirer. KHBS-iň habar bermegine görä, Warner Bros. Pictures-iň ýolbaşçylary öz eýeleýän wezipelerinden gidip biler, studiýalary dolandyrmak bolsa Paramount-yň ýolbaşçylaryna geçer. Ähtimal, Warner Bros. Discovery kompaniýasynyň ýolbaşçysy Dewid Zaslaw hem wezipesinden gitmeli bolar.
DC Studios bilen HBO Max-yň düzüminde entek uly üýtgeşmeler bolmaz. DC kino älemini ösdürmek bilen öňküsi ýaly Jeýms Gann we Piter Safran meşgullanmagyny dowam etdirer.