Nvidia-nyň paýdarlary San-Hose şäherindäki federal kazyýete kompaniýanyň we onuň baş direktory Jensen Huangyň garşysyna köpçülikleýin şikaýat bilen ýüz tutdular. Maýadarlar kompaniýanyň ýolbaşçylaryny paýnamalaryň bahasyna täsir edip biljek möhüm maglumatlary gizlemekde aýyplaýarlar. Bu barada Reuters agentligi habar berýär.
Dawa Jensen Huang bilen Singapuryň Megaspeed kompaniýasynyň öňki ýolbaşçysy we familiýadaşy Elis Huangyň arasyndaky bolandygy öňe sürülýän gatnaşyklar zerarly döredi. ABŞ-nyň häkimiýetleri Elisi Hytaýyň aňtaw gulluklary bilen arabaglanyşykda diýip güman edýärler. Kazyýete ýüz tutan paýdarlar bu ýagdaýyň ABŞ-nyň milli howpsuzlygyna howp salyp, Nvidia kompaniýasynyň abraýyna we işine zyýan ýetirip biljekdigini öňe sürýärler.
Dawa baradaky habarlar ýaýrandan soň, 9-njy noýabrda Nvidia kompaniýasynyň paýnamalarynyň bahasy 4,3 göterim aşak düşdi. Netijede, kompaniýanyň bazar bahasy, takmynan, 190 milliard dollar peseldi.
8-nji noýabrda Nvidia kompaniýasynyň direktorlar geňeşi Jensen Huangyň hereketleri boýunça garaşsyz derňewiň başlanandygyny yglan etdi. Kompaniýanyň wekilleri häzirki wagta çenli ABŞ-nyň milli howpsuzlygyna ýa-da Nvidia-nyň täjirçilik syrlaryna howp abanandygyny görkezýän hiç hili esasyň ýokdugyny bellediler. Jensen Huang bolsa derňew işine doly ýardam berjekdigini aýtdy.
Maýadar Mark Kistenmaheriň ýolbaşçylygyndaky şikaýatçylar özlerine ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyny talap edýärler. Emma kazyýet şikaýatynda öwez töleginiň anyk möçberi görkezilmeýär.
Bu waka barada habarlar köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde peýda bolandan soň, Nvidia-nyň ýolbaşçysy kompaniýanyň işgärlerine hat ýazyp, aýalynyň we kärdeşleriniň öňünde ötünç sorady.
«Aýalyma we maşgalama: men sizi söýýärin. Ötünjimiň eden işimi aklamajakdygyna-da düşünýärin. Ýöne men herhal maşgalamyň bu ýagdaýdan baş alyp çykjakdygyna, wagtyň geçmegi bilen olaryň gaýtadan ynamyny gazanmagyma mümkinçilik berjekdiklerine ynanýaryn».
Şeýle hem Jensen Huang Elis Huang bilen hiç haçan gizlin maglumatlary paýlaşmandygyny, öz ýurduny we kompaniýasyny söýýändigini aýtdy. Ol, üstesine-de, derňew tamamlanýança Nvidia-nyň baş direktory wezipesinden gitmegi meýilleşdirmeýändigini hem belledi.
Hytaýyň Daşary işler ministrligi bolsa hytaý aňtaw gulluklarynyň bu dawa dahyllydygy baradaky habarlary ret etdi. Ministrligiň resmi wekili Go Szýakun şeýle aýyplamalaryň hiç hili esasa daýanmaýandygyny aýtdy.
Elis Huangyň garşysyna öňe sürülýän içalyçylyk aýyplamalary häzirlikçe subut edilmedik. Bu babatda derňew işleri dowam edýär.