Nvidia kompaniýasy Jensen Huangyň prezident, baş direktor (CEO) we müdirler geňeşiniň agzasy wezipesinden çekilendigini habar berdi. Bu karar dessine güýje girdi.
Huang Nvidia 33 ýylyň dowamynda, ony 1993-nji ýylda esaslandyran gününden bäri ýolbaşçylyk edip gelýärdi.
Kompaniýa 2013-nji ýyldan bäri bu ýerde işleýän maliýe direktory Kolet Kress wagtlaýyn ýolbaşçylyk eder. Ol müdirler geňeşi hemişelik ýolbaşçyny belleýänçä, iki wezipäni hem utgaşdyryp alyp barar.
«Kolet Nvidia kompaniýasynyň örän tiz ösüş döwründe möhüm işleri ýerine ýetirmäge ýardam berdi. Ol işimize, müşderilerimize, önümçilik we dolandyryş amallarymyza, şeýle-de maliýe ýagdaýymyza hemmetaraplaýyn düşünýär» diýip, kompaniýanyň metbugat beýanatynda bellenilýär.
Nvidia işe geçmezinden ozal Kolet Kress 25 ýyla golaý beýleki tehnologiýa kompaniýalarynda, şol sanda Cisco we Microsoft-da maliýe ugrundan dürli wezipelerde işledi.
Şol bir wagtyň özünde kompaniýanyň müdirler geňeşi Harwi K. Jonsy Nvidia-nyň taryhynda ilkinji gezek müdirler geňeşiniň başlygy wezipesine belledi.
Huangyň wezipesinden çekilmegi onuň maşgalasyna biwepalyk edendigi baradaky habarlaryň ýaýran wagtyna gabat geldi.
Onuň işden boşadylanlygy baradaky habaryň yglan edilmeginden soň Nvidia-nyň paýnamalarynyň bahasy aşaklamagyny dowam etdirdi. Şu gün söwdanyň açylmagy bilen kompaniýanyň gymmatbaha kagyzlary 13% arzanlady. Bir hepdäniň dowamynda Nvidia-nyň bazar gymmaty, takmynan, 600 milliard dollar azaldy.