Mask Trampyň kararyndan soň SpaceXAI-yň adyny üýtgetmek kararyna geldi

Şu gün, 12:50961

Ilon Mask öz EA bölüminiň — SpaceXAI-yň adyny üýtgetjekdigini mälim etdi. Kompaniýanyň adyndaky AI gysgaltmasynyň ýerine SI — Super Intelligence (super aň) diýen düşünjäniň gysgaltmasy ulanylar.

Muňa telekeçiniň X sosial ulgamynda täze at hakda soran ulanyjylaryň birine: «Hawa, bu üýtgeşmäni girizeris» diýip, jogap ýazmagy-da güwä geçýär.

Ýöne ol adyň haçan üýtgediljekdigini anyk aýtmady. Mask öz jogabynyň üstüne: «Indi EA ýok, SI bar. Bu has gowy» diýip, goşubam goýberdi.

Mask bu netijä ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň 29-njy sentýabrda gol çeken kararyndan soň geldi. Resminama laýyklykda, ABŞ-nyň federal edaralary resmi hat alyşmalarynda, köpçülige ýetirýän maglumatlarynda, web sahypalarynda, hasabatlarynda we ýerine ýetiriji häkimiýetiň beýleki resminamalarynda «super aň» we SI adalgalaryny ulanmalydyr.

Şol bir wagtyň özünde, öň kabul edilen kadalaşdyryjy resminamalara, şertnamalara we taryhy resminamalara üýtgeşme girizmek zerurlygy ýok. Täze atlandyrma häzirki kanunçylykdaky emeli aň kesgitlemesine girýän şol bir tehnologiýalara degişlidir.

4-nji oktýabrda Tramp, şeýle hem Super Intelligence Force (SIF) — «Super aň güýçleriniň» döredilýändigini yglan etdi. Bu gurluşa milli razwedkanyň direktory Jeý Klaýton ýolbaşçylyk eder.

SpaceXAI — Ilon Maskyň SpaceX korporasiýasynyň düzümindäki golçur kompaniýa we emeli aň bölümi bolup, ol onuň öňki xAI startapynyň we X sosial ulgamynyň birleşdirilmegi hem-de täzeden brendleşdirilmegi netijesinde döredildi.

Kompaniýanyň esasy önümleriniň arasynda ösen Colossus superkompýuteri we generatiw Grok çat-boty bar. Bu gurluşyň maksady ylmy açyşlary çaltlandyrmak we uly göwrümli maglumat merkezlerini, şol sanda orbital maglumat merkezlerini ýerleşdirmek hökmünde kesgitlenýär.