Jensen Huangyň Nvidia kompaniýasynyň ýerine ýetiriji baş direktory wezipesine gaýtadan bellenmegi hakyndaky haýyşnama eýýäm 135 müňden gowrak adam gol çekdi. Gol çekýänleriň sany barha artýar.
Haýyşnamanyň awtorlary kompaniýanyň direktorlar geňeşinden garaşsyz derňew tamamlanýança we tä Huangyň wezipeden boşadylmagynyň Nvidia-nyň bähbitlerine laýyk gelýändigini tassyklaýan deliller görkezilýänçä, ony öňki wezipesine gaýtaryp getirmegi talap edýärler.
Aslynda, kompaniýanyň işgärleri-de ýakynda «Ýolbaşçymyzy yzyna gaýtaryň» diýen şygar bilen degişli adamlary bu karara täzeden seretmäge çagyryp, haýyşnama gol çekdiler.
Haýyşnama gol çekenleriň arasynda SpaceX we Tesla kompaniýalarynyň ýolbaşçysy Ilon Mask, Epic Games kompaniýasynyň ýolbaşçysy Tim Suini, Cohere kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri Eýdan Gomes, Atreides Management kompaniýasynyň dolandyryjy hyzmatdaşy Gewin Beýker, Mark Andressen, Serve Robotics kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri Ali Kaşani we Palo Alto Networks kompaniýasynyň baş direktory Nikeş Arora dagy hem bar.
Huangyň wezipesinden gitmegi onuň Singapurda ýerleşýän Megaspeed kompaniýasynyň öňki ýolbaşçysy Elis Huang bilen şübheli gatnaşyklaryny ündeýän derňew bilen baglanyşykly. ABŞ-nyň häkimiýetleri bu kompaniýany Hytaýyň ýörite gulluklary bilen hyzmatdaşlykda güman edýärler.
Ilon Mask Huangyň kompaniýadan gitmegi bilen Nvidia-nyň örän möhüm şertnamalary ýitirip biljekdigini aýratyn belleýär. Onuň aýdyşy ýaly, Huang üpjünçilik ulgamyny netijeli dolandyrypdyr. Şertnamalaryň arasynda ýazmaça görnüşde ylalaşylanlardan daşgary, Huangyň beren şahsy sözlerine esaslanýanlary-da bar.
«Eger Jensen maňa hasaplaýyş kuwwatyny iberjekdigine söz beren bolsa ýa-da men ondan haýsydyr bir enjamlaryň öndürilişini çaltlandyrmagy haýyş eden bolsam, ol hemişe beren sözüni berjaý edýärdi. Elbetde, soňra satyn alyş buýruklaryny hem resmileşdirýärdik. Ýöne ol beren wadasyny ýerine ýetirmez öýdüp, hiç wagt şübhelenmändim» diýip, Mask ýatlaýar.