Hytaýyň TCL kompaniýasy Günorta Koreýanyň Samsung kompaniýasyny önümlerini müderileri aldawa salýan mahabat bilen hödürlemekde aýyplap, kazyýete ýüz tutdy.
Jedeliň döremegine Samsung-yň M seriýaly, bahasy 300 dollardan 2300 dollara çenli bolan telewizorlary sebäp boldy. Samsung bu telewizorlary Mini LED tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylan görnüşde mahabatlandyrýar. Emma TCL kompaniýasynyň tassyklamagyna görä, olaryň içinde Mini LED däl-de, adaty LED yşyklandyryş ulgamy ulanylýar.
TCL-iň esasy nägileligi ekranyň dürli bölekleriniň ýagtylygyny aýratyn sazlamaga mümkinçilik berýän ýerli garaňkylaşdyrma (FALD) tehnologiýasynyň ýoklugy bilen bagly. Bu tehnologiýa gara reňkiň has çuň görünmegine we şekiliň açyk gara bölekleriniň arasyndaky tapawudyň artmagyna kömek edýär. M seriýaly telewizorlarda bolsa ýagtylyk diňe programma üpjünçiligi arkaly sazlanyp, ekranyň ähli bölegi deň derejede yşyklandyrylýar.
Mundan başga-da, bu telewizorlardaky ýagtylyk diodlarynyň ölçegi 0,1–0,3 millimetr bolmalydygyna garamazdan, 0,5 millimetre çenli ýetýär. Şeýle hem olar bary-ýogy iki sany alýumin zolagynda ýerleşdirilipdir.
RTINGS neşiriniň hünärmenleri hem bu telewizorlaryň şekil hilinde kemçilikleriň bardygyny anykladylar. Kontrast derejesiniň pesligi (6440:1) sebäpli, garaňky otagda görkezilýän garaňky sahnalar solgun görünýär. HDR şekil görkezme düzgüninde bolsa telewizoryň iň ýokary ýagtylyk derejesine ýetilende, şekiliň käbir bölekleri ýiti kesilýär. Munuň netijesinde, aşa ýagty ýerlerdäki uşak-düşek taraplar biri-birine goşulyşyp, aýdyňlygyny ýitirip bilýär.
Häzirki wagtda bu pudakda Mini LED tehnologiýasynyň aýratynlyklaryny kesgitleýän ýeke-täk umumy standart ýok. Şonuň üçin käbir öndürijiler bu düşünjäni mahabat maksady bilen öz bähbitlerine ulanýarlar. TCL-iň gozgan işi bolsa geljekde telewizor öndürijileriniň ekranlaryň hakyky tehniki aýratynlyklaryny has takyk görkezmegine sebäp bolup biler.
Şeýle-de bolsa, alyjylara diňe mahabatdaky atlara we tehnologiýa belgilerine seredip, telewizoryň hakyky mümkinçiliklerini kesgitlemek, köplenç, kyn düşýär. Şonuň üçin hünärmenler telewizor saýlanyňda garaşsyz barlaglaryň we synaglaryň netijelerine üns bermegi maslahat berýär.