Intel kompaniýasynyň paýdarlar topary ABŞ-nyň Miçigan ştatynyň pensiýa gaznasynyň ýolbaşçylygynda korporasiýanyň üstünden Kaliforniýanyň federal kazyýetine şikaýat etdi. Maýadarlar kompaniýany işiniň hakyky ýagdaýy barada maglumatlary gizlemekde aýyplap, çeken ýitgileriniň öweziniň dolunmagyny talap edýärler. Bu barada Reuters we BBC habar berýär.
Talap edilýän öwez töleginiň anyk möçberi mälim edilmeýär.
Kazyýet işiniň gozgalmagyna Intel kompaniýasynyň 29-njy oktýabrda çap eden şu ýylyň üçünji çärýeginiň maliýe hasabatlary sebäp boldy. Kompaniýa geljek döwür üçin çaklamalaryny hem peseltdi. Muňa sebäp hökmünde bolsa şahsy kompýuterleriň bazaryndaky islegiň gowşamagy görkezildi. Intel-iň öndürýänleri-de hut şu kompýuterler üçin prosessorlar bolup durýar.
Täzelenen çaklamalardan soň kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasy 29% düşdi. Netijede, onuň bazar bahasy, takmynan, 140 mlrd dollar pese düşdi.
Awgust aýynda Intel maýadarlara her biri 95 dollar bolan paýnamalaryny satyp, jemi 23 mlrd dollar girdeji gazandy. 13-nji noýabra çenli bolsa bu paýnamalaryň bahasy 60 dollara çenli arzanlady.