Intel kompaniýasynyň paýnamalary çärýeklik maliýe hasabatynyň we ýakyn ýyllar üçin taýýarlanan çaklamalaryň çap edilmeginden soň 29% pese düşdi. Kompaniýanyň girdejisiniň artandygyna we seljerijileriň garaşyşyndan-da ýokary peýda gazanandygyna garamazdan, maýadarlary şahsy kompýuterleriň bazarynyň geljegi alada goýdy.
Hasabat döwründe kompaniýanyň girdejisi 16,5 mlrd dollara ýetdi. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 21% köpdür. Her bir paýnama düşýän peýda 52 sente deň boldy. Seljerijiler bolsa bu görkezijiniň ortaça 41 sent bolmagyna garaşypdylar. Muňa garamazdan, esasy söwda sessiýasy tamamlanandan soň Intel-iň paýnamalarynyň bahasy birden pese gaçdy.
Bloomberg neşiriniň habar bermegine görä, paýnamalaryň köpçülikleýin satylmagyna Intel-iň şahsy kompýuterler bazary baradaky ýaramaz çaklamasy sebäp boldy. Kompaniýanyň pikiriçe, 2026-njy ýylda noutbuklaryň we stasionar kompýuterleriň satuwy 12% azalar. Geljek ýylda bolsa bu görkeziji ýene-de 10% pese düşer. Intel şeýle ýagdaýyň ýüze çykmagyna kompýuter bölekleriniň gymmatlamagynyň we dünýäde ýat çipleriniň ýetmezçiliginiň sebäp bolup biljekdigini belleýär.
Soňky ýyllarda Intel ösüş depgini boýunça beýleki iri tehnologiýa kompaniýalaryndan yza galdy. Muňa garamazdan, 2026-njy ýylyň başyndan bäri emeli aň üçin niýetlenen çiplere bolan islegiň artmagy netijesinde kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasy, takmynan, 2,5 esse ýokarlandy. Paýnamalaryň soňky gezek birden arzanlamagyndan öň hem kompaniýanyň bazar bahasy 500 mlrd dollardan pesdi. Bu bolsa Nvidia kompaniýasynyň bazar bahasyndan 10 esse çemesi azdyr.