Intel we Ilon Mask «TeraFab» çiplerini öndürmek üçin birleşdiler

13.04.2026, 18:422,967

Intel korporasiýasy SpaceX, xAI we Tesla bilen bilelikde ägirt uly ýarymgeçiriji önümçiligini döretmek üçin TeraFab taslamasyna goşuldy. Bu taslama Ilon Maskyň kompaniýalaryny her ýyl 1 terawatt (TWt) hasaplama güýji bilen üpjün eder.

Kompaniýa emeli aň we robototehnika üçin zerur bolan mikroshemalary taslamakda, taýýarlamakda we gurnamakda öz tejribesini paýlaşar. Intel Foundry-niň gatnaşmagy Tesla-nyň emeli aň enjamlaryna bolan barha artýan islegini kanagatlandyrmak üçin önümçilik tehnologiýalaryny täzeden gurmaga kömek eder.

TeraFab zawodlaryny ABŞ-nyň Tehas ştatyndaky Ostin şäherinde gurmak meýilleşdirilýär. Bu ýerde Tesla elektromobilleri üçin çipler, Optimus robotlary üçin komponentler, SpaceX hemralary üçin şaýlar öndüriler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.