Banan öndürijileri gysga wagtyň içinde bahalaryň gymmatlajakdygyny duýdurdy

Düýn, 12:555,357

Ýakymsyz howa şertleri, önümçilik çykdajylarynyň artmagy we geosyýasy durnuksyzlyklar sebäpli 2027-nji ýylda banan gymmatlap biler. Bu barada Chiquita Brands International kompaniýasynyň baş direktory Karlos Lopes-Flores «Bloomberg» agentligine beren interwýusynda nygtady.

Onuň aýtmagyna görä, banan ýetişdirmek we ony bazarlara ibermek bir ýyl öňküden has kynlaşdy we gymmatlaşdy. Eýýäm geljek ýylda satuw möçberi azalyp, miwäniň bahasy ýokarlanyp biler.

«Biz 2026-njy ýylyň ahyrynyň we geljek ýylyň başynyň pudak üçin kyn döwür bolmagyna garaşýarys» diýip, Lopes-Flores belledi.

Çykdajylaryň artmagynyň sebäpleriniň biri hökmünde ol ýangyjyň, dökünleriň we gaplama materiallarynyň bahasyna eýýäm täsir eden Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlary görkezdi. Goşmaça töwekgelçilikler bolsa «El-Ninýo» klimat ýagdaýy bilen baglydyr. Ol gurakçylyga getirip, Panama kanalyndaky suwuň derejesini peseldip biler, bu bolsa harytlary daşamagy kynlaşdyrar.

Sentýabr aýynyň başynda BMG häzirki «El-Ninýonyň» soňky 1000 ýylyň dowamynda iň güýçlüsi boljakdygyny aýtdy. Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinde aşa yssynyň, gurakçylygyň we uly joşgunlaryň emele gelmek ähtimallygy ýokarlanar.