Samsung dünýäde Galaxy smartfonlaryny ulanýanlaryň sanyny mälim etdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda Galaxy maşgalasynyň enjamlaryny, takmynan, 1,2 milliard adam ulanýar. Bu bolsa dünýä ilatynyň takmynan her ýedinji adamynyň Galaxy smartfonuny ulanýandygyny aňladýar.
Kompaniýa gürrüňiň Samsung-yň taryhynyň dowamynda satan smartfonlarynyň umumy sany barada däl-de, hut Galaxy enjamlaryny ulanýan adamlaryň sany barada gidýändigini belleýär.
Samsung şeýle giň ýaýrawyň esasy sebäpleriniň biri hökmünde modelleriniň köpdürlüligini görkezýär. Kompaniýa elýeter bahaly Galaxy A seriýasyndan başlap, käbir görnüşleriniň nyrhy, takmynan, 2400 dollara ýetýän eplenýän flagman modellerine çenli dürli bahadaky smartfonlary öndürýär.

Galaxy GT-I7500
Samsung-yň Android smartfonlarynyň taryhy 2009-njy ýylda Galaxy GT-I7500 modeli bilen başlandy. Şondan bäri 17 ýylyň dowamynda Galaxy maşgalasy ep-esli giňeldi we häzirki wagtda dünýäniň dürli künjeklerinde bir milliarddan gowrak adamyň ulanýan uly ekoulgamyna öwrüldi.