Kaliforniýanyň Federal kazyýetine Samsung, SK hynix we Micron kompaniýalaryna garşy köpçülikleýin şikaýat arzasy gelip gowuşdy. Arzaçylar dünýäniň iň iri ýat öndürijileriniň adaty ulanyjylar üçin niýetlenen DDR3 we DDR4 operatiw ýatlarynyň önümçiligini we iberilişini bilkastlaýyn azaldyp, emeli gytçylyk döredendiklerini we nyrhlaryň gymmatlamagyna sebäp bolandyklaryny öňe sürýärler.
Şikaýatçylaryň aýtmagyna görä, bu kompaniýalar önümçiligiň azaldylmagyny emeli aň tehnologiýalarynyň ösmegi sebäpli serwer ýatlaryna bolan islegiň artmagy we önümçilik kuwwatynyň ýetmezçiligi bilen düşündiripdiler. Emma soňky dört ýylyň içinde adaty ulanyjylar üçin niýetlenen operatiw ýatlaryň nyrhlary mümkin däl derejede – takmynan 700% töweregi gymmatlady.
Şikaýat arzasynda Apple kompaniýasynyň önümleriniň nyrhlarynyň ýakyndaky ýokarlanmasy-da mysal getirilýär. Olaryň pikiriçe bu ýagdaý, hatda iň iri elektronika öndürijileriniň hem artyk çykdajylaryny alyjylaryň üstüne ýükledigi bolýar.
Bu aýyplamalara goşmaça esas hökmünde 2000-nji ýyllaryň başynda bolup geçen wakalar ýatladylýar. Şonda Samsung we SK hynix kompaniýalary ýat bazarynda nyrh ylalaşygyny gurandyklaryny boýun alypdylar. Şol wagt ABŞ-nyň Adalat ministrligi bu kompaniýalara jemi 730 million dollar möçberinde jerime salypdy, käbir jogapkär işgärler bolsa azatlykdan mahrum edilipdi.