Tim Kuk indi Samsung-y mahabatlandyrýar — ýöne bir emmasy bar...

Düýn, 13:503,707
1 / 2

Samsung Galaxy Z Fold8 eplenýän smartfonynyň mahabatynda hakyky Tim Kuk çykyş etdi. Ýöne ol Apple-iň öňki baş direktory Tim Kuk däl-de, Täze Zelandiýada işleýän we onuň bilen atdaş gozgalmaýan emläk agenti.

Tim Kuk Palmerston-North şäherindäki Harcourts kompaniýasynda işleýär. Ol äýnek dakynýar we Samsung-yň Täze Zelandiýadaky bölümçesi tarapyndan iň täze eplenýän smartfon bilen üpjün edildi. Apple-iň eplenýän smartfonlar bazaryna ilkinji gezek girmegi bilen baglylykda taýýarlanan bu mahabat degişmesi jüpüne düşdi.

Öň habar berşimiz ýaly, 9-njy sentýabrda Apple özüniň ilkinji eplenýän smartfony bolan iPhone Duo-ny tanyşdyrdy. Samsung bolsa şeýle enjamlary eýýäm 2019-njy ýyldan bäri öndürýär. Şol ýyl kompaniýa ilkinji Galaxy Fold modelini çykarypdy. Indi Samsung bu ugurdaky köpýyllyk tejribesini mahabatlarynda işjeň peýdalanýar.

Welcome to Foldables” atly mahabat kampaniýasy arkaly Samsung eplenýän ekranlary döretmekde ýeterlik tejribesiniň bardygyny görkezmäge çalyşýar. Apple-iň tanyşdyrylyş dabarasyna gabatlap sosial ulgamlarda paýlaşylan Samsung-yň ýazgylarynda hem bäsdeşine gönükdirilen ýiti degişmeler bar.

Galaxy Z Fold8 daşky tarapynda diagonaly 5,5 dýuým, iç tarapynda bolsa 7,6 dýuým ekran bilen enjamlaşdyryldy. Täze model öňki nesilleri bilen deňeşdirilende has gysga we giň. Onuň agramy 201 gram bolup, ol Fold tapgyrynyň şu wagta çenli çykan iň ýeňil modeli bolup durýar.

iPhone Duo-nyň hem içki ekranynyň diagonaly 7,6 dýuýma deň. Ýöne onuň agramy Samsung-yňkydan 53 gram ýokarydyr. Şeýlelikde, bu iki enjam eplenýän smartfonlar bazarynda gönüden-göni bäsdeş boldy.

Apple-iň öňki baş direktory Tim Kuk 1-nji sentýabrda wezipesinden resmi taýdan çekildi. Onuň ýerine kompaniýanyň tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş eden Jon Ternus geçdi.

Samsung mahabat kampaniýalarynda Apple-i ýaňsylamakdan hiç wagt çekinmedi. Ýöne bu gezek kompaniýa degişmäni has-da güýçlendirdi. Ol muny çyna berimsiz edip, «Tim Kukuň özem indi Fold-a geçdi» diýen manydaky mahabaty taýýarlady.