Apple kompaniýasy özüniň ilkinji eplenýän smartfony bolan iPhone Duo modelini resmi taýdan tanyşdyrdy.
Eplenen ýagdaýda ol 5,4 dýuýmlyk ekranly ykjam telefon bolup, açylandan soň ulanyja 7,6 dýuýmlyk displeýi hödürleýär. Apple kompaniýasynyň pikiriçe, bu enjam birbada adaty smartfon bilen kiçi göwrümli planşetiň ornuny tutmaly.
Esasy häsiýetnamalary:
- 5,4 dýuýmlyk daşky ekran;
- 7,6 dýuýmlyk içki çeýe ekran;
- A20 Pro çibi;
- 12 GB operatiw ýat;
- iki sany 48 MP esasy kamera;
- 5G, Wi-Fi 7 we Bluetooth 6 goldawy bar;
- hemra aragatnaşygy;
- Face ID ornuna Touch ID;
- iki sany öňki kamera;
- MagSafe;
- goşa batareýa;
- açyk ýagdaýynda ýogynlygy 4,3 mm töweregi;
- ýat göwrümi: 2 TB çenli.
Duo modeliniň esasy aýratynlygy diňe bir uly eplenýän ekran däl. Apple kameranyň işini hem düýpli täzeledi. Mysal üçin, Duo Preview funksiýasy düşürilýän adama daşky ekranda özüni görmäge we kompozisiýany derrew düzetmäge mümkinçilik berýär. Smart Take bolsa emeli aň arkaly hiç kim kadrdan daşda galmaz ýaly surata düşürmek üçin amatly pursaty awtomatik usulda saýlap bilýär.
Başga-da üýtgeşik mümkinçilikler bar. FaceTime-da bir wagtda hem öňki, hem yzky kameralardan şekili görkezip bolýar, smartfonyň özüni bolsa ştatiwsiz stoluň üstünde goýup, surata düşürmek ýa-da wideojaňlar üçin ulanyp bolýar.
Aşa inçe korpus sebäpli Apple kompaniýasy Face ID ulgamyndan ýüz öwrüp, Touch ID-ni gapdal düwmä geçirdi. Içinde akkumulýatoryň iki bölegi ulanylýar, ýörite sowadyş ulgamy bolsa A20 Pro çibiniň ýokary kuwwatda uzak wagtlap işlemegine ýardam berýär.

iPhone Duo iki reňkde çykýar — Star White (ýyldyz ak) we Night Sky (gijeki asman).
Bahasy 1999 dollardan başlanýar, bu bolsa Duo modelini iPhone hataryndaky iň gymmat smartfona öwürýär.
Öňünden sargytlar 16-njy oktýabrda açylar, satuw bolsa 23-nji oktýabrda başlar.