«Enjam yzarlanýar»: Apple Fransiýada ogurlanan iPhone-lary «gulplady»

22.10.2026, 21:214,352

Fransiýanyň Lill şäherindäki Apple dükanyndan ogurlanan iPhone telefonlary ulanyp bolmaz ýaly edilip gulplandy. Bu barada BFMTV teleýaýlymy habar berýär.

Sosial ulgamlaryň ulanyjylarynyň biri ogurlanan telefonyň ekranynda peýda bolan habaryň wideosyny paýlaşdy. Ekranda şeýle ýazgy çykýar:

«Enjamy Lill şäherindäki Apple dükanyna gaýtaryň. Bu enjam gulplandy we onuň ýerleşýän ýeri yzarlanýar. Ýerli häkimiýetlere habar berler».

Habarda bellenilişi ýaly, şeýle gorag çäreleri Samsung, Google Pixel, Xiaomi we Honor ýaly beýleki öndürijileriň enjamlarynda hem peýda bolýar.

Fransiýada köpçülikleýin nägilelikler sentýabryň ahyrynda bilim ulgamyndaky meseleler sebäpli ýokary synp okuwçylarynyň çykyşlary bilen başlandy. Soňra galmagal ýurduň beýleki ýerlerine-de ýaýrady. Herekete gatnaşyjylaryň talaplarynyň hataryna ýangyjyň bahasynyň ýokarlanmagyna garşy çäre görmek we ilatyň satyn alyjylyk ukybynyň peselmeginiň öňüni almak ýaly meseleler hem goşuldy.

Käbir şäherlerde bu ýagdaý köpçülikleýin bidüzgünçilikler we talaňçylyk bilen utgaşdy. Şol sebäpli birnäçe şäherde köçä çykmaga wagtlaýyn çäklendirmeler girizildi.

18-nji oktýabrda Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron gyssagly ýüzlenme bilen çykyş edip, hökümeti täze bidüzgünçilikleriň öňüni almak üçin zerur çäreleri görmäge çagyrdy. Şeýle hem ol günäkärleriň jezalandyryljakdygyny we zyýan çeken telekeçilere goldaw beriljekdigini wada berdi.