PHP programmirleme dilinde iki sany çynlakaý howply kemçiligiň ýüze çykarylmagy Ýewropanyň döwlet edaralaryny we beýleki guramalaryny alada goýdy.
Hakerleriň bu kemçiliklerden peýdalanyp, saýtlara hüjüm edýändigi baradaky habarlardan soň, birnäçe edara öz saýtlaryny wagtlaýyn togtatmak kararyna geldi.
PHP köp sanly saýtyň we onlaýn hyzmatyň işlemegini üpjün edýän programmirleme dilidir. Kemçilikleriň ýüze çykarylmagy bilen, işläp düzüjiler ulanyjylara onuň täzelenen görnüşini çykan badyna gurnamagy maslahat berdiler.
PHP-niň täzelenen görnüşi 21-nji oktýabrda elýeterli boldy.
Täzelenmäniň çykarylmagyna garamazdan, käbir edaralar töwekgelçiligiň öňüni almak üçin saýtlaryny wagtlaýyn ýapmagy makul bildiler.
Olaryň arasynda Niderlandlaryň, Daniýanyň we Finlýandiýanyň döwlet edaralary, Edinburg şäher geňeşi hem-de Beýik Britaniýanyň BBC teleradioýaýlym korporasiýasy bar.